Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi

04-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Şu babatda aýdanymyzda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmeginiň Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Ata Watanymyz başymyzyň täjidir. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine ähli ildeşlerimiz buýsanýar. Giň gerimli ösüşler bolsa hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyz üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri barada ýaş nesle yzygiderli maglumatlaryň berilmegi olarda watansöýüjiligi, milli buýsanjy ösdürýär. Biz ähli okuw-terbiýeçilik işlerimizde Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň gadyr-gymmatyna we ýurdumyzyň asylly başlangyçlaryna uly ähmiýet berýäris. Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli ýörelgeler halkymyzyň beýik ösüşleriniň gözbaşynda durýar. Ykdysady taýdan ösen döwletler Türkmenistan bilen dostana, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Dünýäde parahatçylygy hem-de halkara howpsuzlygyny berkitmek ynsanperwer daşary syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde dabaralanýar. Munuň özi diňe bir sebit däl, eýsem, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak adamzadyň ähli babatdaky iň bir beýik, tämiz duýgularydyr. Munuň özi ynanyşmak häsiýetine eýe bolan örän asylly ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, özara ynanyşmak arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ýokary derejelere çykarmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine dünýä bileleşigi diýseň ýokary baha berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezýär. Asudalygy, parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de deňhukukly gatnaşyklary öňe sürýän beýik başlangyçlar türkmen halkynyň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy. Bularyň ählisi halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň birnäçe gezek tassyklanylmagy hem-de bitaraplygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň arasyndaky arabaglanyşygyň ählumumy derejede ykrar edilmegi dünýädäki ýagdaýlaryň häzirki çylşyrymly döwründe has-da möhümdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň özeni bolup, onda parahatçylykly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerini dowam etdirmeginiň, hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek baradaky teklibiniň möhüm başlangyçdygyr.

Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini kämilleşdirip, ösdürip gelipdir. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelge täze taryhy döwrümiziň iň kämil ýoludyr, dünýä uzaýan beýik başlangyjydyr. Bu asylly ýörelgä guwanýan, buýsanýan türkmen halky her ýyl Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň şanly baýramçylyklaryny dabaraly ýagdaýda şowhun-şagalaňly belleýär. Şu ýyl hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlarys. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun! Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyz gülläp össün!

Baýram JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.