ÝURDUMYZYŇ EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY

26-10-25

Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler ylmy esaslara daýanýar. Tebigaty goramak işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy ekologiýa abadançylygyna, ynsan saglygyna, adamlaryň dynç alşyna oňat ýardam edýär. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär.

Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär we ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýar. Muňa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi ekologiýa babatyndaky ileri tutulýan ugur hökmünde ilatymyzyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär, ylmy esasda öwrenilip, ýaşlara wagyz-nesihat edilýär. Munuň özi asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagyna, ýaşlarda tebigaty goramaga bolan höwesiň döremegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biodürlüligini gorap saklamak we ösdürmek baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, ynsan ýaşaýşynda pürli we saýaly, gyrymsy agaçlaryň, miweli baglaryň ähmiýeti örän uludyr. Agaçlar atmosfera howasyny kislorod bilen baýlaşdyrmak, suwy arassalamak, toprakdaky suwlary bugardyp, ýerasty suwlaryň derejesini belli bir kadada saklamak, topragy organiki çüýrüntgiler bilen baýlaşdyrmak, şeýle-de topragy gurplandyrmak ýaly işleri ýerine ýetirmekde ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda täze senagat desgalary gurşawa, howa, suwa zyýansyz täze tehnologiýalaryň esasynda gurulýar. Bu hem ýurdumyzyň tebigatynyň gözel, ekologiýa taýdan arassa bolmagyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde bu ugurda alnyp barylýan beýik işler hem mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalaýyn işleri türkmen ýaşlaryna, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenlere nusgalykdyr. Ata Watanymyzda diňe bir şäherlerdir obalar bagy-bossanlyga bürenmän, eýsem, täze gurulýan zawodlardyr fabrikler, önümçilik desgalary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün edilip, ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Halyk MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.