DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK TAGLYMATY ROWAÇLANÝAR

14-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça işler durmuşa geçirilýär.  Bu Konsepsiýa laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp günlerinde hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Köp dilliligi ösdürmek taglymaty rowaçlanyp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Täze dil täze medeniýeti öwrenmäge hem mümkinçilik berýär. Her bir adam haýsy ýaşda bolsun parhy ýok, dil öwrenmäge ukyplydyr. Emma täze bir dil öwrenmek biraz wagt we sabyr-takaty talap edýär. Çünki islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini, şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr.

Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan islendik hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsuzdyr. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, ýaşlaryň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi ynsanyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi ol döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ylym-bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim edaralary gurlup ulanmaga berildi, birnäçeleriniň durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy. Biz - bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Sülgün AÝTYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.