SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – MÖHÜM ÖSÜŞLERE BADALGA

03-11-26

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli zamananyň abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyzda halkymyzyň durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykyp, türkmen sporty dünýäde uly üstünlikler gazanýar.

Hawa, adamyň işjeňligi we şähdaçyklygy köp derejede onuň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna bagly. Her ynsan özi üçin şu bitewi gymmatlygy gazanmagy başarmalydyr. Saglyga zyýanly endiklerden daşda durup, her günde öz bedenini berkitmek bilen meşgullanýan, edebi eserleri, gazet-žurnallary yzygiderli okaýan, hünärine ökde, özüniň gowy gylyk-häsiýeti bilen köpçüligiň hormatyny gazanmagy başarýan adamlaryň uzak ýaşaýandygyny degişli sosiologik barlaglar görkezýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirkizaman hassahanalary, saglyk öýleri, sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport bilen meşgullanmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hemmämize nusga alarlyk görelde görkezýär.

Şol sebäpli ilatyň arasynda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, ýokary netijeli sport giň gerime eýe bolýar. Sagdyn beden we sagdyn ruh oňyn pikirleriň, bitirilýän il-ýurt bähbitli uly işleriň gözbaşydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek bilen, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak ýaly belent wezipeleri üstünlikli çözýär. Sporty hemişelik hemra edinmek arkaly özümiz üçin örän möhüm wezipäni - sagdyn we bagtyýar ýaşamak wezipesini çözýäris. Ýurdumyzda gurulýan sport desgalary ýaş nesli - şahsyýeti kämil ösüşe ugrukdyrmak, aň taýdan kämilleşdirmek, olaryň toplan durmuş tejribesini ösdürmek, sportda gazanan üstünliklerini ýokarlandyrmak, toparda agzybirligi, jebisligi ýola goýmak, birek-biregiň gazanýan üstünliklerine buýsanç döretmek ugrunda özboluşly kämillik mekdebi hem bolup durýar.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, bir söz bilen aýdylanda, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. Her ýylyň 7-nji aprelinde eziz Watanymyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Halkara senä gabatlanyp geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklaýar. Indi ol gün milli senenamamyzda dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýar.

Bilşimiz ýaly, mähriban Watanymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul etdi. Her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guralýar. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy.

Biz durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem maksatnamalaýyn esasda dowam ederis diýip, Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär. Ýurdumyzda şunuň ýaly uly möçberli çäreler bedenterbiýe-sagdynlyk hereketiniň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini, giň gerimli jemgyýetçilik işleriniň geçirilmegini alamatlandyrýar, bularyň maksady bolsa türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar we göwnejaý ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş bolmagynda sagdyn durmuş ýörelgeleri ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu mizemez ýörelge bagtyýarlyk eýýamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu günki gün bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna saglyk paýlaýar.

Mämmet MÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikolgiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.