DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ DERWAÝYSLYGY

08-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Şol sebäpli-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir.

Häzirki wagtda, täze eýýamda ýaşlaryň dil öwretmegine bolan talap güýçlenýär. Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti okuw işlerinde sanly ulgamdan döredijilikli peýdalanmagy talap edýär. Bu babatda ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagyň amaly we nazaryýet esaslaryny özleşdirip, olardan netijeli peýdalanmakda, ýaş nesliň işjeňligini artdyrmakda, okuw işiniň depginini ýokarlandyrmakda, okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda aýratyn tagalla edilýär.

Dil öwrenmek, esasan hem, daşary ýurt dillerini öwrenmek adamynyň dünýägaraýşyny ösdürýär, pikirlenişini has-da baýlaşdyrýar. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryny gazanmaklyga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary amala aşyrýar we bizden oňyn netijelere garaşýar.

Ata Watanymyzda daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär.  Ýurdumyzda döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda döredilýän bu mümkinçilikler bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenip, giňden dabaralanýandygyny görkezýär. Bilim ojaklarynda has takygy mekdep okuwçylarynyň dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanylyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy - geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Sebäbi, aýdyň geljek şu günüň ýaşlarynyň sowatlylygy bilen bagly. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biri. Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň we parahatsöýüjilikli syýasatymyzyň astynda dost-doganlyk dillerimizi hasam anyk öwrenip, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny pugtalandyrmakda yhlasly zähmet çekýäris. Daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de öwretmek babatda berýän ummasyz mümkinçilikleri üçin, dünýä içre ykrar edilen Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Sona BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.