DIL ÖWRENMEKDE DÖWREBAP USULLAR

08-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini bilmek, dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy aýdyň ýüze çykýar. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil - uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriniň özenidir.

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna ýüzlenip “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz” diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmäge, ylym-bilimi özleşdirmäge ruhlandyrýar. Daşary ýurt dillerini bilmek bütin dünýäde möhüm ähmiýetli ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dilini bilmek häzirki zaman dünýäsine giň ýol açmakdyr. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da gözýetimi giň bolýar, jemgyýetde özüni has-da ynamly alyp barmagyna, beýleki halklaryň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem dürli çeşmelerden peýdalanyp bilmegine şert döreýär. Dil bilmek onuň medeni derejesiniň ösmegine, özüni şahsyýet hökmünde kämilleşdirmäge, oňa hünär ussatlygyna ýetmäge itergi berýär.

Islendik daşary ýurt dili öwrenilende, ýatkeşligiň gowy bolmagy zerurdyr. Sebäbi başga dil özleşdirilende, köp möçberde sözleri we diliň grammatik gurluşyny ýatda saklamaly bolýar. Şonda ýada ep-esli agram düşýär. Her bir täze sözüň öwrenilmegi bilen beýniniň işjeňligi artýar. Adaty okamak, ýazmak, diňlemek, krosswordlary çözmek we şuňa meňzeş akyl işleriniň ýerine ýetirilýän döwründe neýron baglanyşygy has-da ösýär, ýagny ýatkeşlik näçe ýygy-ýygydan türgenleşdirilse, şonça-da adaty sport zalyndaky ýaly, beýniniň “myşsalary” güýçlenýär.

Beýnimiziň käbir wakalary ýatda saklap, beýlekilerini ýatdan çykarmak ukyby alymlary hemişe gyzyklandyrypdyr. Ýeri gelende bellesek, köp gaýtalanyp, beýnä ýazylan maglumatlar sözleýişde işjeň ulanylan ýagdaýynda ýatda berk galyp biler. Sebäbi ýadyň gysga we uzak möhletli görnüşleri bar. Başga dil öwrenilende, dil maglumatlarynyň uzak möhletli ýatda galmagy gowy netijeleri berýär. Uzak wagtlap ýatda saklamagyň daşary ýurt dilini öwrenýänlere ileri tutulýan wezipe bolýandygy üçin, öwrenmekde yzygiderliligi we aýratyn usullary ulanmak möhümdir.

Bu usullaryň her biri gysga ýa-da uzak möhletli ýada dürli derejede öz täsirini ýetirýär. Şol täsir dili özleşdirmekde kynçylyklary hem döredip bilýär. Şeýle päsgelçiligi aradan aýyrmak üçin bu usullaryň hersinden ýerlikli peýdalanmaly. Dili kommunikatiw usulda özleşdirmäge çalşylmagy has-da oňyn netijäni berýär. Ikinji dil öwrenilende, kadalara, çyzgylara, sözleýiş nusgalaryna esaslanyp, dil birliklerini aragatnaşyk maksady bilen ulanmak üçin amaly endikler özleşdirilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine görä, manysyna düşünilip kabul edilen maglumat, düşünilmän kabul edilen maglumata garanyňda, ortaça, 22 esse gowy ýatda galýar diýip tassyklanylýar. Şu sebäpden, ýatkeşligiň ýitiligini saklamak üçin, ýatda saklanylýan sözleriň we söz düzümleriniň manysyna gowy düşünip, sözleýişde işjeňleşdirmek bilen sözlük goruňy baýlaşdyryp bolýar.

Soňky ýyllarda internetiň ösmegi, dürli kompýuter programmalarynyň döremegi, görkezip okatmak usulyndan işjeň peýdalanylmagy daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegini köp derejede üýtgetdi. Şeýle giň mümkinçilikleriň we dürli çeşmeleriň barlygy dili özleşdirmek mümkinçiligine oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa görüş we eşidiş arkaly okuw maglumatlaryny uly gyzyklanma we höwes bilen kabul etmäge ýardam edýär. Gowy ösen ýadyň bolmagy daşary ýurt dillerini ýeňil özleşdirmäge, şeýle hem adamyň beýleki ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda ynsanyň döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açmaga ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilmegi röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulbagt AMANMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetiniň rus edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.