MILLI KANUNÇYLYGYŇ KÄMILLIGI – ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KEPILI

24-02-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ösüşleriň bedew batly depgini bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir” diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramagy ýurdumyzyň syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň,  sözüň doly manysynda, raýat jemgyýetini kemala getirmegiň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň, adam hukuklarynyň goragynyň barha ýokarlandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Demokratik, dünýewi we hukuk döwletimiziň Esasy Kanunynda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kepillendirilýär. Munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini tassyklaýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda: “Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip kesgitlenilýär. Bu kadalar adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Bu kadalardan gözbaş alýan kanunçylyk namalary adamyň jemgyýetdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrýar, şahsyýetiň hormatlanmagyny üpjün edýär. Şeýle ynsanperwer kadalar ýaş nesillerde hukuk medeniýetini kemala getirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi mähriban halkymyzda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 34 ýylyň içinde döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini has-da berkitdi. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hukuk kepili bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryň birnäçesine ilkinjileriň hatarynda goşulmagy we olary ykrar etmegi, şol bir wagtda hem bu resminamalarda jemlenen umumadamzat bähbitli kadalaryň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrýar.

Her bir döwletiň Baş Kanuny - Konstitusiýasy döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Biziň döwletimiziň Konstitusiýasy hem esasy syýasy-hukuk resminamasy bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeleri kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeyle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda, onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýärler.

Biziň Konstitusiýamyzyň esasy aýratynlygy ynsanyň mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegidir. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolup durýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň asuda, abadan günlerinde her bir raýat döwlet tarapyndan özüniň aladasynyň edilýändigini gündelik durmuşynda bolup geçýän wakalarda görýär. Bilim almak, zähmet çekmek, erkin döredijilik, saglygy goramak, ruhy-medeni taýdan kämilleşmek üçin döredilýän mümkinçilikler, iş haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi has kämilleşdirmek bilen ýörite döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň we mizemez kepilidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda kanunçylygyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, demokratiýanyň dabaralanmagy, beýik zamanamyza mynasyp ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun,  il-ýurt bähbitli tagallalary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Serdar HOJAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.