ÇAGA TERBIÝESINDE GIŇ MÜMKINÇILIKLER
30-09-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Körpe nesillerde milli ýörelgeler esasynda daş-töwerege söýgüni kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.
Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär. Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermek bilen, olaryň sözleýiş ukybyny ösdüripdirler, pikirlerini beýan etmegiň kämil usullaryny ýola goýupdyrlar.
Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen çagalar bagynda giň mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda multimedia tagtasynda dürli slaýdlaryň, owadan çekilen suratlaryň üsti bilen tapmaçalary öwretmek bolýar. Owadan surat şekilleri körpeleriň ünsüni çekýär, bilesigelijiligini artdyrýar. Şunda olara tapmaça aýdyp berýäris we jogabyny suratlaryň üsti bilen düşündirýäris. Bu usul körpeleriň gyzyklanmasyny, öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar, şeýle hem olar wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Sözleýşi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri halk döredijiliginiň dürli görnüşleriniň üsti bilen sahnalaşdyrmak bolýar.
Sanawaçlar çeper okaýyş, labyzly aýdyp bermek esasynda hem ýerine ýetirilýär. Sanawaçlary iki çaganyň labyzly ýerine ýetirmeginde aýtdyryp, gepleşigi işe girizmek bolýar. Şeýle sanawaçlaryň hatarynda sanlar bilen baglanyşykly aýdylýan halk döredijiliginden hem peýdalanylýar. Sanlar bilen baglanyşykly matallar, sanawaçlar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar sanamagy öwredýär, şeýle hem kiçi ýaşly çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrýar. Bularyň hemmesi çagalaryň türkmen dilinde dogry sözleýşini kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen terbiýe mekdebi häzirki ajaýyp döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär, ylmy esasda öwrenilýär, ösdürilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileriň, sanawaçlaryň, tapmaçalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çagalar bagynda hem bu ugurlardan peýdalanmak özüniň oňyn netijesini berýär. Ýokarda agzalan sanawaçlary tehnologiýalaryň üsti bilen körpelere ýetirmek asylly ýörelgeleriň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Bu bolsa çaganyň öwrenýän sanawajyny çalt ýatda saklamagyna ýardam edýär. Çagalar bilen iş geçirilende, halk döredijiliginiň alkyş-dilegler, yrym-ynançlar görnüşinden hem peýdalanmak olaryň milli däp-dessurlarymyz, yrymlarymyz bilen tanyşmagyna ýardam eder. Şeýle hem çagalarda milli terbiýäniň kemala gelmegine mümkinçilik döreder.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde milli ýörelgelerimizi öwrenmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Akjagül REJEPOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.