ÇAGA TERBIÝESINDE MILLI OÝUNLARYŇ ÄHMIÝETI
11-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli we sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesil terbiýesine ýurt derejesinde nähili uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen maşgalasynda çaga dünýä inende ony ýüze sylyp, mähir bilen gurşap alýarlar. Ol çaganyň ulalyp, ilhalar, edep-terbiýesi ýetik, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegi üçin çagalygyndan alada edilýär. Çünki, çaga her öýüň şatlygy, guwanjy, geljegi, maşgalanyň dowamaty hasaplanylýar.
Türkmen halkynyň milliligini alamatlandyrýan köp sanly däpleri, ýörelgeleri, gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetli. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem çaga terbiýesine uly ähmiýet beren halk. “Bal süýji baldan bala süýji”, “Çagaly öý bazar” ýaly aýtgylary, nakyllary döreden halkymyz “Çaga eziz edebi ondanam eziz” diýen nakyly hem döredipdir we çaganyň edep-terbiýeli bolmagynyň aladasyny edipdir. Halkymyz tarapyndan çaga durmuşynda örän möhüm orun tutýan milli oýunlaryň ençemesi döredilipdir. Olaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde, şeýle hem topar bolup oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämilleşdirýär. Geljekde adamlar bilen gatnaşyk etmegiň iň gowy ýörelgelerini öwredýän milli çaga oýunlarynyň ähmiýeti örän uly. Ol oýunlar türkmeniň nesil terbiýesinde uly bir mekdep bolup hyzmat edip geldi. Halkymyz dürli milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini, tertibini, ýerine ýetirilişini hem çaga terbiýesine gönükdiripdirler, çaga terbiýesi bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Çagalarymyzyň gyzygyp oýnaýan oýunlarynyň ählisi hem olaryň berk-bedenli, sagdyn bolup ýetişmegi üçin oýlanyp tapylan oýunlardyr. Ol oýunlaryň çaganyň dürs, ýalňyşsyz gürlemegi, aýtmasy kyn sözleri gaýtalap, dilini ýençmegi üçinem ähmiýeti az däldir. Eşekçini belli etmek üçin oýunlaryň öňünden sanalýan oýun sanawaçlary çaganyň çeper sözlemegine, dilewarlygyna hem aýratyn täsir edýär. Oýunlaryň üsti bilen çagalar biri-birini sylamak, kanagatly bolmak häsiýetlerine-de endik edýärler. Mahlasy, milli oýunlarymyz çaga terbiýesinde özboluşly bir mekdep.
Milli oýunlar ata-babalarymyzdan nesillerimize galan ajaýyp mirasdyr. “Aşyk”, “Gizlenpeçek”, “Aýterek-Günterek”, “Bäş daş”, “Ak süňk”, “Çürrük kesdi”, “Hekgal”, “Görüp gaçdy” ýaly oýunlaryň uzak taryhy ýoly bar. Ol ýol häzirki eşretli zamanamyza çenli uzap geldi. Bu oýunlaryň her biriniň ähmiýeti uludyr. “Aşyk oýny” uzak ýyllardan bäri çagalaryň arasynda meşhur. Bu oýnuň ähli görnüşi çagalaryň mergenligini, göni zyňyp başarmak endigini ösdürmäge kömek etse, “Ak süňk” ýaly oýunlar çagalaryň hüşgärlik, çalasynlyk, ugurtapyjylyk ýaly endigini ösdürýär. “Gizlenpeçek”, “Görüp gaçdy” ýaly oýunlar bolsa çaganyň synçylygyny, duýgurlygyny kämilleşdirýär. Çagalaryň synçylyk, üşüklilik, pikirleniş ukybyny kämilleşdirmekde bahasyz gymmatlyk hasaplanylýan milli oýunlarymyz çaga durmuşynyň bezegidir, gyzygydyr.
Oýunlaryň hersiniň öz oýnalyş düzgüni, tertibi, aýratynlygy bar. Şeýle hem hereketli, az hereketli oýnalýan oýunlar bar. Milli çaga oýunlarynyň düzgünlerine laýyklykda ilki bilen oýun başlamazyndan öň eşekçini we döwçüni belli etmeli. Onuň üçin ýörite oýun sanawaçlary sanalýar. Çagalar ol sanawaçlary ürç edip, ýatdan öwrenýärler. Geljekki nesliň aladasy bilen ýaşan halkymyz oýun sanawaçlaryny hem döredipdir. Milli oýunlarda sanawaç sanamak däbi dowam edip gelýär. Çünki, sanawaç aýtmak oýunlaryň has gyzykly pursatlarynyň biridir. Sanawaçlary aýtmagyň hem öz düzgünleri bar.
Çagalaryň arasynda sanawaç aýtmaga has ökdeleri bolýar. Oýna gatnaşýanlar sanawaç aýdýanyň daşyna tegelenşip, ýa-da ýarym aýlaw bolup durýarlar. Milli oýunlarda dürli sanawaçlar sanalýar. Çagalar doganlary ýa-da dost-ýarlary tarapyndan öwredilen sanawaçlary ýat tutýarlar. Şeýlelikde, çagalar haýsy hem bolsa bir oýny başlajak bolanlarynda eşekçi bellemek üçin sanawaç aýdýarlar. Oýun sanawaçlary örän täsirli düzülendigi bilen tapawutlanýar. Çagalar olary basym ýat tutýarlar we ýatda saklaýarlar. Sanawaçlar çagalaryň ýatkeşligini, bilesigelijiligini hem-de oýna höwesliligini artdyrýar. Çagalar üçin sanawaçlaryň ençemesi düzülipdir.
Baý mirasly halkymyzyň her bir gymmatlygy terbiýeçilik ähmiýetli. Olary öwrenip, halka ýaýmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Gymmaty egsilmejek gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ähmiýetliligi türkmen halky üçin belent mertebedir. Goý, halk mirasyny mynasyp derejede sarpalamakda bize nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, abraý-mertebesi belent bolsun!
Altyn ANNADURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.