ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK HEM-DE YNSANPERWERLIK DÄPLERI DÜNÝÄ NUSGALYKDYR

21-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri hem-de daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kabul edilen Kararnamany agzap geçmek bolar. Dünýä ähmiýetli bu işler bilim işgärlerini hem buýsandyrýar. Hut şonuň üçin hem bu babatda wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, ýaş nesillere halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny düşündirmek asylly maksadymyz bolup durýar.

Häzirki wagtda bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär we ýaşlaryň giň dünýägaraýşy üpjün edilýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olarda Watana, il-güne wepalylygy ösdürmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunda parahatçylyk söýüjilik ýolumyz, hoşniýetlilik ýörelgelerimiz hakynda wagyz etmek möhümdir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna barýan ýylymyz bolan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bu asylly işler rowaçlanýar. Bu alnyp barylýan nusgalyk işleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz etmekde möhüm ähmiýeti bardyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we has oňaýly dynç almagy babatda ähli şertler döredilýär. Şu günki bagtyýar durmuşymyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolýan täze desgalardyr binalar diňe bir ilatyň ähli ýaşaýyş oňaýlyklaryndan peýdalanyp ýaşamaklaryna şert döretmek bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşine buýsanmaga, ýurdumyzyň mundan beýläkki ykdysady, medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bu işler “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” esasynda alnyp barylýar. Bu alnyp barylýan beýik işler ýaşlary hem tüýs ýürekden buýsandyrýar we ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.

Halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli, päk niýetli, ynsanperwer däplerimizi dünýä ýaýmak, ýaş nesliň kalbyna guýmak hemmämiziň watançylyk borjumyz bolup durýar. Bilim işgärleriniň öňünde durýan uly wezipe oňyn bitaraplygymyzyň gymmatyny ýaş nesillere düşündirmekdir. Bu beýik dereje türkmen halkynyň abraýyny belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasy parahatçylygy ösdürmegi maksat edinip, BMG-niň dürli ýyllarda bu ugurda kabul eden resminamalarynyň düzgünlerini berjaý etmegi, öňüni alyş diplomatiýasyny yzygiderli ösdürmegi, parahatçylyk medeniýetini berkitmegi, raýat jemgyýetiniň alyp barýan işini goldamaga çenli köp mesele boýunça çagyryşlardyr maslahatlary, teklipleri öz içine alýar. Türkmenistanyň bu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hut şu babatda meýilleşdirilýän çäreler jikme-jik beýan edilendir. Parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek wezipesi döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda alyp barýan ähli halkara işleriniň, dünýä giňişliginde ileri tutýan garaýyşlarynyň esasyny düzýär.

Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Sadap HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.