KÖRPELER DÖWREBAP USULLAR ARKALY TERBIÝELENÝÄR
11-04-25
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.
Täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy netijesinde, özbaşdak işleri guramakda, sapaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Bu tehnologiýalaryň öwrediji oýunlary ulanmakda hem peýdasy uludyr. Çaganyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin sanly bilim serişdelerine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda körpeler goşgularyň, aýdymlaryň, ertekileriň, matallaryň üsti bilen däp-dessurlarymyzy öwrenýärler, döwrebap bilim we milli terbiýe alýarlar. Olara çagalar baglarynda ilkinji düşünjeler berilýär, dil baýlyklary artdyrylýar. Her bir alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işi ýurdumyzyň şu günki gazananlary, ýagny çaganyň günde-günaşa görüp-eşidip ýören zatlary bilen deňeşdirilse, özbaşdak pikirlenmek ukybynyň, ýatkeşliginiň, göz öňüne getirme başarnygynyň ösdürilmegine ugrukdyrylsa, onuň özüni şahsyýet hökmünde aňyp, jemgyýete degişlidigini duýup başlamagyna ýardam edýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek we körpeleriň işjeňligini ýokarlandyrmakda sapaklar we sapakdan daşary guralýan terbiýeçilik pursatlar, ýagny gezelençler, guralýan dürli oýunlar ähmiýetli bolup durýar. Çagalar baglarynda guralýan her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak işi gönüden göni terbiýeçilere bagly bolup durýar. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçi geçirilýän her bir sapakdaky temany çaganyň aňyna doly ýetirmek maksady bilen dürli öwrediji oýunlary çaganyň ýaş aýratynlygyna, maksatnama mazmunyny özleşdirişlerine görä peýdalanmagy başarmalydyr. Ýönekeý matematiki düşünjeler öwredilende günüň dowamlylygyny, yzygider gelýän günleriň atlandyrylyşyny, düýnüň, şu günüň, ertiriň hepdäniň näçenji günüdigini, hepdäniň günleriniň yzygiderligini, aý, ýyl, pasyl bilen baglanyşykly maglumatlary dürli oýunlaryň üsti bilen berkitmek maksadalaýykdyr. Şeýle-de daş-töwerekdäki her bir zatda geometrik şekilleri görmek, geometrik şekilleriň reňkini, ölçegini tapawutlandyrmak dürli oýunlaryň üsti bilen öwredilýär.
Körpe neslimizi ylymly-bilimli, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirmegiň her bir bilim işgäri üçin mukaddes borç bolup durýandygyny her birimiziň bilmegimiz zerurdyr. Şeýle guramaçylykly sapaklary gurap, işjeň we döwrebap tehnologiýalar arkaly nesillerimiziň bilim-terbiýesini ösdürmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Oguljennet ÇOPANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.