ÇAGA TERBIÝESI - MUKADDES ÝÖRELGE
16-04-25
Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň başlangyç ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli bilim hem terbiýe edaralarynda, çagalar bakja-baglarynda körpelere asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, çaga terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep - bergidir, bermedige - görgüdir” diýip bellenilýär. Aslynda, türkmen halky perzendini sözüň üsti bilen, paýhasly sözler bilen terbiýelemegi, görelde görkezmegi ýörelge edinipdir. Ýaş nesiller iň oňat edim-gylymlary ýagşy atadan görelde alypdyrlar.
Çaga terbiýesinde düşündirijilik we terbiýeçilik ähmiýeti anyk bolandygy üçin tymsallary, nakyllary peýdalanmak netijeli usullaryň biri hasaplanylýar. Türkmen halkynda ýaş nesle ertekileri, taryhy wakalary, rowaýatlary gürrüň bermek ýörgünli bolupdyr. Şol gymmatly taryhy maglumatlar, rowaýatlar we tymsallar ýaş nesle ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem çagalaryňyza öýde ertekileri aýdyp bermek, nakyllaryň many-mazmunyny düşündirmek zerurdyr. Şeýle hem olara taryhy rowaýatlary gürrüň bermek bilen, geçmişdäki şahsyýetler bilen tanyşdyrmaly. Bu ýaşlarda milli ýörelgelere ygrarlylygy, watansöýüjiligi, asyllylygy terbiýeleýär.
Türkmençilikde çaga terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlermizden bize galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri, biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar. Her bir jemgyýet, şol jemgyýetde ýaşaýan adamlar, ata-babalardan bize ýeten mirasa, galdyrylan sowgada göz dikip, ondan peýdalanyp oňman, indiki, özünden soňky nesiliň aladasyny etmeli. Özem soňa goýmaly däl, çagalykdan terbiýeläp başlamaly. “Çagany ýaşdan” diýip, ýöne ýere aýdylanok. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden habary, körpä gowy täsir edýär. Ösüp gelýän ýaş neslimiziň dogry ýol bilen öňe hereket etmeginde, oňat terbiýeli, arassa ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde taryhy gürrüňlerdir rowaýatlaryň ähmiýeti juda uludyr. Müňýyllyklaryň dowamynda kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimiz, şöhratly geçmişimiz nesil terbiýesinde hem möhüm orny eýeleýär. Bu gadymy ýörelgeleri, milli medeniýetimizi nesilleriň aňyna guýmak kä-milligiň binýadydyr, röwşen geljegiň şuglasydyr. Nakyllaryň hem terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Olar nesilleriň paýhasly sözlere düşünmeklerine, dilewar bolmaklaryna oňat täsir edipdir. Türkmen halky ýaş nesle akyl bermek işinde haýsy ugurdan maslahat gerek bolsa, şol ugra degişli nakyllardyr atalar sözlerini, tymsallardyr rowaýatlary gürrüň beripdir. Şeýlelikde, nesillere pähim-paýhasa daýanmagy, il-gün bilen agzybirlikde bolmagy ündäpdirler. Bu işde ýaş nesli çagalyk döwründen başlap, maşgalada ata-ene şahsy göreldesi we ata-babalarymyzyň miras goýan ýörelgeleri esasynda terbiýeläp gelipdir.
Häzirki wagtda milli terbiýä, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimize aýratyn üns berilýär. Şeýle asylly ýörelgelerimize esaslanyp, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek mukaddes borjumyzdyr. Milli ýörelgelerimizi öwrenmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim bermäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Merjen ŞIHIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.