DÖWREBAP BILIM – KÄMILLIGE BADALGA

04-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jenneti mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän beýik işleri bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu möhüm resminamalara laýyklykda, milli bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy ylym merkezleriniň tejribesini ornaşdyrmak arkaly, innowasion tehnologiýalar merkezleri döredilýär. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde hem-de bilim merkezlerinde sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, “Emekdep” programmasyny ýola goýmak hem-de bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler ýerine ýetirilýär. Netijeli sanly bilim ulgamynyň döredilmegi bilen adamyň ylmy kuwwatynyň güýji görnetin artýar.

Şeýle hem, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilim işgärleri üçin uly buýsanç duýgusyna ýugruldy. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur aladalary netijesinde häzirki wagtda bilim ulgamynyň mazmunynyň täzelenmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda hemmetaraplaýyn sowatly, täzeçillige ukyply nesli terbiýelemäge bolan ünsüň has güýçlenmegi ýokary derejede ösýän intellektual jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy ugry hökmünde saýlanyp alyndy.

Döwlet Baştutanymyzyň kesgitleýşi ýaly, ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýaş neslimizi terbiýelemek giň möçberli ylym we bilim özgertmelerimiziň düýp mazmunyny düzýär. Bu gün dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz döwrebap ösdürilýär. Şeýle uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim işgärleri tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ogulgerek BEGALIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly Gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.