ÇAGA TERBIÝESINDE MILLILIK ÖÝDÜMLERI

18-04-25

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler.

Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbiýe berlende, gaty seresaply çemeleşilmeli. Maşgalada çaga ahlak, ylmy, medeni gymmatlyklar öwredilip, ol durmuşa ruhy, akyl, beden taýdan taýýarlanylýar. Ynsanda maşgalada alan terbiýesine görä gylyk-häsiýet döreýär. Çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň baş çelgisi millilikdir. Çünki öz halkyny söýýän, geçmiş taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini bilýän, oňa buýsanýan, milli däp-dessurlaryny hormatlaýan ynsan beýleki halklaryň milli aýratynlyklaryna hem hormat goýup biler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”, Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň içinden taryhymyza, edebiýatymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan çäksiz söýgi, buýsanç, hormat eriş-argaç bolup geçýär. Bu gymmatly eserlerde hal-ahwal soraşmak, salamlaşmak, minnetdarlyk bildirmek, özüňden ululary sylamak, kiçileri hormatlamak, goňşular bilen gatnaşyk, goňşokara alyşmak, il-günüň toý-märekesine gatnaşmak, hassa soramak, oňa duýgudaşlyk bildirmek babatyndaky däp-dessurlarymyz durmuşy mysallaryň üsti bilen beýan edilýär.

“Pähin-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda sünnäläp, kämilleşdirip häzirki döwre ýetiren milli gymmatlyklaryna, geçmiş mirasymyza, perzent terbiýesinde ulanylan edep ýörelgelerine bolan üns barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň mundan bu ýana-da gülläp ösmeginde ýaşlara uly orun berilýär, çünki ýaşlar uly güýçdür. Jemgyýetiň ep-esli bölegi ýurdy gözelleşdirjek, ösdürjek ýaşlardyr. Lukman Hekimiň öwüt-nesihatlarynda şeýle sözlere gabat gelmek bolýar: “Hoşgylyk adam kesekileriň garyndaşy bolsa, betgylyk adam garyndaşlaryna keseki bolar”. Hoşgylyklylyk, mylaýymlyk, sadalyk, pespällik, kiçigöwünlilik edepliligiň esasy alamatlaryndandyr.

Millilik, ilkinji nobatda, ene dilimizden gözbaş alýar. Ene dilimizi ähli ylymlaryň aýnasy hasaplan pederlerimiz nesillere ýüz dil bilýän hem bolsaň, öz ene diliňi unutmazlygy wesýet edipdirler. Dil halkyň asyrlarboýy sünnäläp, aýap, kämilleşdirip gelen iň uly milli gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýip belledi. Baý, şahyrana dilimiz, gaýtalanmajak edebi eserlerimiz bizde ene dilimize, milliligimize bolan söýgini, hormaty terbiýelemekde esasy serişdedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýan milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň maddy we ruhy hakydasyny dikeltmekde, milli medeniýetimiziň egsilmez baýlyklaryny öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Oguljahan AMANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji çagalar bakja bagynyň müdiri. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.