Dermanlyk ösümlikleri - saglygyň gözbaşy

22-10-26

Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň saglygy barada yzygiderli aladalar edýär. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, saglygy dikeldiş şypahanalarynyň durky täzelenilip, olaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz adamlaryň saglygyny berkitmekde we dikeltmekde derman ösümlikleriniň hem uly ähmiýete eýedigini hemişe nygtap geçýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyz kitabyň döreýşi barada şeýle diýýär: «Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkymyza hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi». Kitabyň esasy maksadynyň lukmanlara, çig mal ýygnaýjylara we saklaýanlara, okyjylar köpçüligine derman ösümlikleri boýunça öz bilimini artdyrmaga kömek bermekden ybarat bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan lukmanlarymyzyň kitaplarynyň terjime edilip halk köpçüligine ýetirilendigini hem belläp geçýär.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaplarynda milli Liderimiz ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary berýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi hakynda aýdylýar. 

Ýurdumyzyň dag eteklerinde, düzlüginde, çöllük ýerlerinde ösýän dürli ösümlikler halkymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribesiniň, lukmançylyk ulgamynyň esasyny düzýär. Şol ösümlikleriň arasynda tebigatyň melhemlik nygmatlarynyň biri bolan düýedaban aýratyn orun tutýar. Düýedaban diňe bir dermanlyk häsiýetli ösümlik bolman, eýsem, oba hojalygynyň ekologiýa deňagramlylygyny saklaýan tebigy sazlaşyk bolup durýar. 

Düýedaban lukmançylyk ylmynda peýdalanylýan, adam saglygyna peýdaly ösümlikleriň biridir. Dermanlyk ösümlik bolan düýedabanyň dünýäde 240 görnüşi, Türkmenistanda bolsa 13 görnüşi duş gelýär. Ylmy gözlegler esasynda ösümligiň gipoglihimiki we antibakterial häsiýetlerini ýüze çykardy. Düýedaban irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ýarany bejermekde, çişmä garşy derman hökmünde tebipler we lukmanlar tarapyndan giňden ulanylýar.

Türkmenistanda köp ýaýran we ähli suwarylýan ýerlerde gögerýän düýedabanyň reňki ýaşyl, ajy we ýakymsyz tagamy bar. Düýedaban sowuklama, aşgazan-içege kesellerine, peşew ýol kesellerine, deri kesellerine, göz agyryna, bogun agyrylaryna nepi degýändigi bellenilýär.

Ösümlikde saponinler, triterpanoidlar, alkalidler, katekinler we flawanoidlar tapyldy. Ýapraklarynyň sapaklarynda uglewodlar, krahmal, sakgyç, efir ýagy, C we K witaminleri, fenol uglerod kislotalary, kumarinler bar. Düýedabanyň ähli görnüşiniň hem dermanlyk häsiýeti meňzeş. Dermanlyk üçin düýedabanyň baldagy, ýapragy, miwesi, köki ulanylýar. Ol 20-den gowrak keseli bejermekde ulanylýar. “Düýedaban” diýilmeginiň sebäbi, onuň ýapraklary goşa-goşadan ýerleşip, düýäniň dabanyna meňzeýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde hem düýedaban hakynda giňişleýin beýan edilýär. Düýedaban ösümliginiň kök ulgamy giň we çuň ýaýraýar. Bu bolsa, onuň çyglylygy saklap, çölleşmegiň öňüni almaga kömek edýän tebigy ösümlik hökmünde peýdalanylmagyna mümkinçilik döredýär. 

Düýedabanyň ösýän ýerleri toprak üçin biogen maddalaryň baý çeşmesi bolýar. Bu ösümlik bilen gurşalan ýerlerde toprak baýlaşýar. Şeýlelikde, düýedaban diňe bir derman däl-de, oba hojalygy üçin tebigy toprak goragçysydyr. Düýedaban ösümligi, esasan, Garagum sähralygynda, Balkan welaýatynda dag eteklerinde giňden ýaýrandyr. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ösümligiň iň ýokary melhemlik güýje eýe bolan görnüşleri Köpetdagyň demirgazyk eteklerinde ösýän görnüşidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ösümligi gorap saklamak, köpeldip ösdürmek maksady bilen, ýörite meýdanlarda tohumlary arkaly ekilip, ol ylmy taýdan öwrenilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň onlarça dillerine terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp zähmet çekip ýazan bu köp jiltli gymmatly kitaby diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem uly goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän, halkynyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Perwana KUWADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.