ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ
26-04-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.
Çünki çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür, bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan ,däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir. Ene ençeme çaganyň arasynda öz bäbeginiň agy sesini seljerip bilýär, göwsüniň syzlamasyndan ukuda ýatan çagasynyň naharlanmak isleýändigini duýýar. Çaganyň sähelçe hereketine süýji ukuda ýatan ene oýanýar. Çaga onlarça enäniň arasyndan öz ejesiniň sesini tanap, diňe şonuň sesine agysyny kesýär, diňe şonuň uzadan eline imrinýär. Çüňki öz ejesiniň mähriniň, süýdüniň, söýgüsiniň ornuny başga hiç bir zadyň tutup bilmejekdigine gowy düşünýär.
Ata-enelerimiz çagalarmyzyň ilkinji terbiýe mekdebi bolup durýar. Şu ýerde şeýle tymsaly mysal getiresim gelýär: “Orta mekdebiň iň sylagly mugallymlarynyň biri ýetmiş alty ýaşyny doldurmagy mynasybetli okuwçysy mugallymyň öýüne barypdyr. Okuwçysy bilen bakjaly gülzarlykda gyzykly gürrüňleri edip duran mugallymyň ýanyna goňşusy gelip, şu bakjadaky gülleriň üstünde çagalaryň wagtal-wagtal gelip top oýnaýandygyny aýdypdyr. Beýle ýagdaýda saňa gül ýetişdirmek kyn düşäýmese ýagşydyr-diýip, ol güllere nebsagyryjylyk bilen nazar aýlapdyr. Sesini çykarmany diňläp duran parasatly mugallym biraz oýlanyp, “Zyýany ýok, goňşy. Goý depgilesinler. Meniň pikirimçe, çaga ýetişdirmek gül ýetişdirmekden has möhüm diýip jogap beripdir”. Çaga terbiýesinde biziň mähriban enelerimiziň orny örän uludyr. Mähriban enelerimiz öz çagalaryny mähir, söýgi, alada bilen gurşap alyp, olara gundagdan başlap süýji arzuwlaryny şirin hüwdülerde uly umyt, ýagşy niýet bilen aýdýarlar, hüwdüniň ýakymly owazy, äheňi, many-mazmuny, gurluş aýratynlygy aýratyn mukaddes, gaýtalanmajak sungatdyr.
Dünýäniň iň meşhur bagşylarydyr aýdymçylarynyň hem hiç biri ussatlykda ene hüwdisiniň derejesine ýetip bilmedik bolsalar gerek. Meşhur Agajan bagşynyň ejesi çagasyny hüwdülän mahaly Marydan Hywa barýan kerwenler ýük ýazdyryp, uzak wagtlap bu owazy diňlär ekenler. Çaga ynsanyň bagtly durmuşymyzyň gözbaşydyr, maşgala diregi hem galasydyr, söýenjidir, güýji hem kuwwatydyr, parahat ýaşaýşyň manysydyr, şu günümiziň daýanjy ertirimiziň geljegidir. Ene-ata perzendini dünýä getirip, onuň bagtly günlerine guwanyp gezýär.
Çagalaryň ezizligi, olaryň mähirliligi hiç wagt unudylyp bolmajak duýgudyr. Ak guş kimin päk ýürekli çagalar durmuşyň güli, bezegi. Çaganyň terbiýesi, bilimi, onuň hukuklaryny goramak maşgalanyň we döwletiň paýyna düşýär. Çaganyň sagdyn ösmegi, gowy ýaşamagy, okap bilim almagy üçin has oňat şertleri döretmek halkara derejesindäki meselä öwrüldi. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde ösüp gelýän ýaş nesle bilim terbiýe bermek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Maral GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.