SANLY LUKMANÇYLYK – DÖWRÜŇ TALABY

27-10-25

“Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir” diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, elektron maglumatlar ulgamynyň döredilmegini, sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini görkezmek bolar. Emma barha elektronlaşyp barýan global dünýädäki innowasion tehnologik özgerlişikler diňe aýdylanlar bilen çäklenmeýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň we bu ugry has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da artýar. Telemedisina lukmançylyk ylmynda ýüze çykan täze ugurlaryň biridir. Şolaryň çäginde lukman hünärmenleri taýýarlamakda her günde diýen ýaly täze torlary ýüze çykýan telemedisina ulgamyny ýokary okuw mekdepleriniň tejribesine girizmek ýola goýulýar.Ýurdumyzda telemedisinany ösdürmek mümkinçiligi okatmakda-da täze usullary girizmegi talap edýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda telemedisina häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanan, bilimde we lukmançylykda wajyp ugur bolup durýar.

Saglygy goraýyş ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu durmuş ähmiýetli ulgama ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyz ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralan köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasyny goýdy.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, keselleriň öňüni alyş we bejeriş edaralary guruldy. Olarda ornaşdyrylan döwrebap enjamlaryň aglaba bölegi bu ulgamda dünýäde öňdebaryjy ýurt hasaplanýan GFR-de öndürilendir. Şeýle hem saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Derman senagaty, ylmy işgärleri we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, telemedisina ýaly möhüm ugurlarda germaniýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Telemedisinanyň giň mümkinçiliklere eýe bolmagy bilen, öňdebaryjy usullary öwrenmek, dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri bilen tejribe alyşmak babatda täze mümkinçilikler açyldy.

Biz bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän berk ynamyny ýerine salyp, şol ynamdan ruhlanyp, mundan beýläk-de Watanymyzyň gülläp ösmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Muhammetnazar NURNAZAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.