EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY HEM-DE DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA

15-06-26

Türkmenistan tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün et-mek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak meselesi diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem bütin dünýäde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda ekologiýa syýasaty döwlet derejesinde ýola goýlup, tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy, tebigatyň goralmagy we daşky gurşawyň arassa saklanmagy boýunça anyk maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem adam bilen tebigatyň özara gatnaşygy barada ýaşlara düşündirmek esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ekologik terbiýe bolup, ýaşlaryň gözel tebigata bolan düşünjelerini ösdürýär.

Täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hem dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi-de munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle hem, ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek möhüm wezipeleriň biri. Şunuň bilen birlikde, Watanymyzda gurulýan binalardyr desgalarda we taslamalarda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi esasy talaplaryň hatarynda durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar milli ruhda terbiýelenýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ekologiýa tebigy ylymlary we durmuş-ykdysady bilimleri birleşdirýän ylymlaryň biridir. Bu ylym arkaly ýaşlaryň ekologik medeniýeti ösdürilýär. Ony ösdürmek üçin, ilki bilen, ekologik bilimleriň we endikleriň bolmagy zerurdyr, ýagny tebigat bilen aragatnaşykda özüňi dogry alyp barmak endiklerine eýe bolmalydyr, adamyň tebigata ýetirýän täsirleriniň netijelerini öňünden görmegiň zerurlygyna düşünmelidir. Munuň üçin talyplaryň ekologik medeniýetini ösdürmek zerur şert bolup durýar.

Ekologik bilim barada başlangyç düşünjeler orta mekdepde öwredilip başlanýar. Ýaşlar tebigata aýawly çemeleşmegiň wajypdygyny öwrenýärler, şunda “geografik gurşaw”, “landşaft” ýaly düşünjeler ösdürilýär. Bulara düşünmek bilen ekologik meselelere düşünmek ýaly nazaryýetiň esaslary ýaşlaryň aňynda galýar we tebigy ulgamlaryň bitewiligini bozmazlygyň näderejede möhümdigine düşünýärler. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy, Hazaryň baýlyklary ýaly ekologik ugurlar gürrüň berilýär. Şolaryň netijesinde bolsa, ýaşlarda tebigatymyza bolan söýgi artdyrylýar, olaryň ekologik medeniýeti kämilleşdirilýär. Ekologik bilimleri we medeniýeti has çuňňur ylmy esaslara eýe bolýan bu ulgamda esasy aýratynlyk - ähli döwletleriň bilelikdäki hereketini talap edýän global meseleler, tebigatyň we jemgyýetiň täsiri barada ozal öwrenilen bilimleriň umumylaşdyrylmagydyr.

Umuman aýdylanda, raýatlarymyza ekologik medeniýetini ösdürmegiň aňyrsynda olaryň tebigata juda aýawly çemeleşmeginiň möhümdigi durýar. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgelere laýyklykda, tebigatymyza aýawly çemeleşmek, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatyny ösüp gelýän ýaş nesle dogry we dürs düşündirmek biz - mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň geljeginiň ylymly-bilimli, terbiýeli, tebigata aýawly çemeleşýän, medeniýetli, kämil şahsyýetlere baglydygyny aýratyn bellemek gerek.

Olary şeýle kämil derejede ýetişdirmekde, ylym-bilimini ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Gülbahar GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Menejment we innowasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.