DÖWLETLI DÖWRANDYR ÜSTI BEDEWIŇ

09-01-26

Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir.

Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup ataňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.

Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir. Muňa türkmen halkynyň aňynda öçmejek yz goýan “Görogly” şadessanyndaky Jygalybegiň hut özi hem mysal bolup biler. Şadessanda Hüňkär Jygalybegiň gözüni oýduranyndan soňra, ol agtygy Röwşen bilen Üçgümmez dagyna tarap ýola düşýär. Ýolda barýarkalar Röwşen  yzlaryndan kowgy gelýändigini habar berýär. Şonda Jygalybeg agtygyndan yzyndan kowup gelýän atlaryň reňkini, gadam urşyny, tohumyny sorap, gözi sokur bolsa-da, şol atlary tanap, şoňa göre hem gaçyş ýollaryny salgy berýär. Bu ýerde Jygalybegiň paýhaslylygy bilen bir hatarda onuň nä derejede ussat seýis bolandygyhem öňe çylýar. Jygalybeg aty seýislemegiň inçe tärlerini, ony reňki, hüýi-häsiýeti boýunça kesgitläp bilmekligi, aty nädip bakyp bejermelidigini agtygyna hem öwredýär.

Görogly öz atasyndan görelde alyp, atyna wepaly bolup, oňa ömrüni baglaýar. Ol aty bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçýär. Şadessanyň bütin dowamynda Göroglynyň belent derejelere ýetmeginde, duşmandan üstün çykmagynda, ýeňiş gazanmagynda Gyratyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy türkmen okyjysyna äşgär edilýär. Şonuň üçin hem “Görogly” şadessanyna belli bir derejede bedew hakdaky eser hem diýip bolar. Görogly öz Gyratyna “Başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde wepaly ýoldaşym” diýipdir. Hatda Göroglynyň Gyrata ýüzlenip “Perzent dilemedim, seni diledim” diýýän setirlerine hem duş gelmek bolýar. Çünki Görogly öz Gyraty bilen Görogly derejesine ýetýär. Gyraty Göroglysyz, Göroglyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.

Hawa, türkmen bedewleriniň waspy türkmen edebiýatynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Gamyşgulak, ýyndam bedewlerimiz barada ýazmadyk şahyr, ýazyjy ýok bolsa gerek. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdi hem özüniň “Üsti bedewiň” atly şygrynda bedew atyň ýigitleri maksat-myradyna ýetirýändigini aýdýar we at üstüni Süleýmanyň tagtyna deňäp:

Dal bedew ýigidi ýetir myrada,
Ajap, hoş görkezer ýakyna, ýada,
Bilseňiz, ýaranlar, öter dünýäde,
Döwletli döwrandyr üsti bedewiň
- diýýär.

Türkmen halky şeýle bedewlerimize diňe bir geçmiş taryhymyzda däl-de, eýsem, şu günümizde hem çäksiz guwanýar. Şeýle bedewler bu günki gün – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda biziň ak arzuwlarymyz, päk niýetlerimiz bolup, türkmen halkyny güneşli ertirlere, ak säherlere sary atarýar. Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, behişdi bedewlerimiziň hemaýatkäri, mähriban halkymyzyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üstünliklere beslensin!

Röwşen ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Menejment we innowasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.