DÜNÝÄDE BELENT YKRARNAMA
02-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent sepgitlere eýe bolýar. Bu günki gün ýurdumyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz ösüşlere beslenýär, her bir günümiz şanly wakalara utgaşyp gelýär. Ynha, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Bu şanly wakalar halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň rowaçlanýandygyny, dünýäde belent ykrarnama eýe bolýandygyny aýdyň beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli hem durnukly ösmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýän beýik işler ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelge esasynda gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar ýola goýulýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi. Muny ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyndan hem görmek bolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy bu gurama agza bolan 185 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky taryhy Kararnama kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” ikinji gezek ykrar edildi. Ýakynda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň üç gezek hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilendigini görkezýän taryhy çözgüt bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň aýdyň beýanydyr.
Döwür öňe tarap barýar, durmuş ösýär, özgerýär, täze sepgitlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler buýsançly wakalar bolup kalba dolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydyr. Asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem gazanylýan ösüşler, üstünlikler ajaýyp döwrümizi has-da dabaralandyrýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi, hemişelik Bitaraplygymyz dünýädäki abraýymyzy has-da pugtalandyrýar.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, asudalyk ýörelgelerimiz mynasyp ösdürilýär. Türkmeniň ata-babalaryndan gelýän parahatçylygyny, asudalygyny, ynsanperwerligini dünýäde dabaralandyrýan şol ýörelgeler nesilden-nesle geçirilip dowam etdirilýär. Goý, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dowamat-dowam bolsun!
Aýjemal ARNAGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.