“ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDANAM EZIZ”
01-05-25
Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär.
Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýilýär. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çaga ekabyrlanandan soňra, onuň ýaşyna, ukybyna görä dürli ýumuşlary tabşyrmak, medeniýete, sungata, döredijilige çekmek talabalaýykdyr.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Çagalar mekdebe gatnap, bilim dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiz bilimli-terbiýeli çagalary kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi bilim işgärleriniň döredijilikli işlemeklerine, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge oňat ýardam edýär. Biziň çagalar bagymyzyň terbiýeçileri ata-eneler bilen arabaglanyşygy ýola goýmakda hem möhüm işleri alyp barýarlar. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Mekdebe çenli bilim edaralarynda hem bilim-terbiýe işini maşgala bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alyp barmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ata-eneler çagalaryna edep-ekram berse, terbiýeçi bilim-terbiýe berip, çaga dünýäsiniň inçe duýgularyna aralaşýar, onuň dünýägaraýşyny giňeldýär. Çaganyň beden hem ruhy taýdan kemala gelmegi üçin irginsiz alada edilýär.
Biz çagalaryň ululara öýkünýändigini, şolardan durmuşy öwrenýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Terbiýeçilik işinde oňat netijeleri gazanmak üçin ata-eneleriň, ilkinji nobatda, özleriniň oňat görelde görkezmelidiklerini bellemek gerek. Ata-babalarymyzyň edep-göreldesi, milli gymmatlyklary maşgalada berilýän terbiýäniň aýrylmaz bölegidir. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ata-enä kömek bermek, elmydama ýaşulular bilen maslahatlaşmak ýaly ajaýyp milli ýörelgelerimiz ýaşlaryň aňynda mäkäm ornaşyp, olaryň tutuş durmuşynda hemra bolmalydyr. Ata-enäniň çagalar bilen alyp barýan işleriniň, okap berýän çeper eserleriniň, halk döredijilik eserleriniň görnüşleriniň sapaklarda ulanylmagy, olary körpeleriň ýadyna salmagyna, gaýtalamagyna, öwrenen maglumatlarynyň berkemegine ýardam edýär. Çagalar bagynyň maşgala bilen hyzmatdaşlygy bilim-terbiýe meselesinde utgaşyp, alnyp barylýan işleriň ilerlemegine uly täsirini ýetirýär.
Çaga - durmuşyň güli, ýaşaýşyň manysy we bezegi. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň çuňňur aladalary netijesinde, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglary we mekdepler yzygiderli ulanylmaga berlip, olarda ýaş nesillerimiziň müňlerçesi terbiýe we bilim alýar. Kaşaň köşkleri ýatladýan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň belent, ak mermerli binalarynyň ählisiniň ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi diýseň guwandyryjydyr. Munuň özi ýaş neslimiziň okuwlaryny oňat özleşdirmegine we bilimleri çuňňur ele almagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bilim işgärleriniň ýaş nesli döwrebap, dünýä ülňülerine laýyklykda terbiýelemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ylmyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bilimli-ylymly, sagdyn bedenli, durmuşda öz mynasyp ornuny tapyp biljek ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa her bir ene-atanyň, bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.
Meňli JUMADURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.