Bu toprakda Watanynyň şan-şöhratyny beýgelden gahrymanlar bar
06-05-25
Dünýäniň parahatçylyk söýüji halklary 1941 — 1945-nji ýyllarda gazanylan Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygyny uly dabara bilen belleýärler. Şol kyn günleri egni bilen çekenlere, adamzadyň abadan, parahat ýaşamagy üçin söweşenlere, şeýle-de tylda ahlak mertligini görkezenlere uly sarpa goýulýar. Uruş weteranlary, urşuň yzynda galan şol döwrüň gelinleri — häzirki günüň kümüş saçly eneleri maý güllerinden boglan çemenler bilen gutlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar, baýramçylyk gutlaglary beýan edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Türkmenistan döwletimiz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşe öz mynasyp goşandyny goşdy. Watandaşlarymyzyň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen eginegne berip azatlyk ugrunda söweşdiler. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň durmuş ýoly häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
1941—1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda hem ildeşlerimiz batyrlygyň we gahrymançylygyň gaýtalanmajak nusgasyny görkezdi. Türkmen ýigitleriniň müňlerçesi uruş ýyllarynda Watan goragynda mert durup, gahrymanlarça söweşipdiler. Olaryň müňlerçesi bu gazaply urşuň pidasy boldy. Müňlerçesi bolsa Beýik Ýeňiş bilen, döşleri söweşjeň orden-medally dogduk mekana sag-aman dolanyp geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda olaryň sarpasy belent tutulýar, merdana ogullaryň atlary ebedileşdirilip, taryha ýazylýar. Çünki, Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagtynyň miýesser etmegini arzuwlamagy hem “Watan”, “Halk” diýen mukaddes sözleri biz — ýaşlaryň durmuşda hemişe şygar edinip ýaşamalydygymyzy ýene bir gezek tassyklaýar.
Taryhda öz ata Watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar. Türkmeniň edermen serkerdeleri taryhda uly yz galdyryp, özüniň parasatlylygy, mertligi bilen tapawutlanypdyrlar. Megerem, bu asylly häsiýetler bilen türkmen özüni dünýä tanadandyr. 80 ýyl geçen hem bolsa, ol ýyllaryň gahrymançylykly sahypalary biziň kalplarymyzda hemişe ýaşaýar, öz watandaşlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär. Biz olaryň öçmejek şöhratynyň öňünde baş egýäris. Häzirki nesil türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň öňünde hemişe borçludyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr.
Türkmenistanly esgerleriň köpüsi urşuň gazaply synaglaryndan doly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikleri üçin söweşjeň ordenlere we medallara, olaryň ýüzden gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Milli Gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere hemde uruş weteranlarynyň ýanýoldaşlaryna köp sanly ýeňillikler berildi, olaryň asuda we abadan durmuşy üçin ähli şertler döredildi.
Mertler Watany, Watan bolsa mertleri beýgeldýär. Urşuň gazaply ýyllarynda döş gerip Watanyny goran gahrymanlarymyz eziz Diýarymyzy beýgelden bolsa, bu gün mähriban Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda asuda we parahat ýurdumyz, uly ösüşlere hem oňyn özgertmelere beslenen ata Watanymyz öz gahryman ogullaryny beýgeldýär. Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň, mertligiň, ata Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezen uruş weteranlarynyň, mukaddes ojaklary saklap, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň sarpasy bu gün her öý, her maşgalada belentden tutulýar. Olar hiç wagt unudylmaz, çünki mertler ýüreklerde baky ýaşaýar.
Öz halkynyň, tutuş adamzadyň geljegi üçin janlaryny gurban eden gahrymanlaryň ruhlary baky şat bolsun! Gahrymanlarymyzy döwlet derejesinde hatyralamaga, ýatlamaga döreden mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş aýdyp, ýurdumyzyň parahat, ilimiziň abat bolmagyny arzuw edýäris.
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekalogiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiriniň w.w ý.ý., uly mugallym.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.