NESILLERIŇ SAGLYGY – ÝURDUMYZYŇ BAŞ MAKSADY
09-11-26
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmagyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem meşhur “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi täze taryhy döwürde ynsan saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini äşgär etdi.
Hyzmatdaşlygymyzyň çäginde sebitde deňi-taýy bolmadyk we döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirjek häzirki zaman Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi emeli aň ulgamyny özünde jemleýän enjamlar bilen üpjün edilendir. Iň ýokary halkara ülňülere laýyklykda bina edilen saglyk düzümi ýokanç däl keselleriň hataryna girýän howply täze döremeleri bolan örän çylşyrymly keselleri bejermäge mümkinçilik berer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik we sport edaralarynda beden hem ruhy taýdan sagdyn, maksadaokgunly, tutanýerli ýaşlary terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýär. Bilim almagyň, akyl zähmeti bilen meşgullanmagyň sport hereketleri bilen sazlaşykly alnyp barylmagy ýaşlaryň diňe bir sagdyn bolmagyna däl, eýsem, olaryň bilimleri özleşdirmeklerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Çünki sport ynsanda tertip-düzgünliligi, fiziki we akyl işjeňligi, maksada okgunlylygy kemala getirip, durmuşda üstünlik gazanmaga ýardam edýär. Şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleri raýatlaryň saglygyny berkitmäge, iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga hem giň mümkinçilikleri açýar. Sport sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde we watansöýüjiligiň kämil nusgasyny kemala getirmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça çäreler hem giň gerimde alnyp barylýar. Dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Çünki ol birnäçe howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Adam bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Öýken keselleri bilen keselleýänleriň aglabasy çilim çekýänlerdir. Temmäki tüssesi arkaly bedene yzygiderli düşýän zäherli maddalar dem alyş ýollarynda, öýkende, ýürekde, nerw ulgamynda kem-kemden näsazlyklaryň, soňlugy bilen, howply keselleriň döremegine alyp barýar. Çilim çekýän adamyň göreji ir kütelýär. Eşidiş, duýuş we ys alyş ukyplary wagtyndan öň peselýär. Bulardan başga-da, olaryň çagalarynyň arasynda dürli dogabitdi näsazlyklar we kemçilikler bilen dogulmak ähtimallygy ýüze çykýar. Bu ugurda hereket edýän “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakyndaky” hukuk resminamalarynda hem adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy bilen bagly meseleler ileri tutulýar.
Ýörite kanunlar esasynda çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmek maksady bilen ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde ýaramaz endiklerden arassa döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 2005-nji ýylda Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýany kabul etdi. Türkmenistan bu Konwensiýa 2011-nji ýylda goşuldy. Halkyň saglygyny berkitmek, temmäkini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Türkmenistan, dünýä derejesinde alanyňda, temmäki önümlerini ulanmakda iň pes görkezijä eýe bolmak bilen, ynsan saglygyna zyýan ýetirýän bu wehimden azat ýurt hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyza bu ugurda halkara guramalar tarapyndan berlen güwänamalar hem tassyklaýar.
Bu gün ýaş türkmenistanlylaryň sporty özlerine hemra edinip, dünýäniň sport äleminde şöhrat gazanmaklary Watanymyzda bu ugurda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir. Uly üstünlikleri bilen Watana şan getirýän türgenlerimiziň Şa serpaýlaryna eýe bolmaklary-da bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu bolsa raýatlaryň saglygyny gorap saklamak babatda edilýän uly tagallalaryň, şonuň ýaly-da bagtyýar nesilleriň ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň esasynda gazanylýar.
Türkmen ýaşlarynyň ýokary derejede bilim almaklaryna, beden taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredip berýän, bu babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Allaberdi ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnayşygyň radio tehnologiýalary fakultetiniň Hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.