Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa diplomatiýasy
04-12-25
Şu ýyl hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan geçen döwrüň içinde ekologiýa bilen bagly meselelere yzygiderli we jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda saýlanyp alnan bu ýol Diýarymyzyň diňe bir parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny kesgitlemek bilen çäklenmän, durnukly ösüşi, işjeň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän milli ekologiýa strategiýasynyň kemala getirilmeginde hem möhüm şert bolup hyzmat etdi.
Türkmenistanyň Bitaraplygy ekologik wehimlere obýektiw we deňeçer garaýyş üçin berk binýady döredýär. Ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýär.
Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara klimat forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda esasy wezipäniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň howa gün tertibiniň meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýandygyny nygtady. Esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna bilelikde ygrarlylyk şeýle hyzmatdaşlyga esas bolup durýar.
Bitaraplyk ýörelgelerine we kabul eden halkara borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak, çölleşmä we ekerançylyk ýerleriniň hatardan çykmagyna garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda energiýanyň öndürilişinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artdyrylmagy ugrunda işjeň çäreler görülýär. Munuň özi parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna, energetikanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigy serişdeleriň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik döredýär.
Ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy daşky gurşawa aýawly gatnaşyklary kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Giň gerimli bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tebigatyň peşgeş beren mirasyna aýawly garaýan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalara goşant goşýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän ýurdumyz durnukly ösüş we ekologik meselelere jogapkärli çemeleşmegiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, umumy meseleleri çözmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edýär.
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäreleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Şu ýyl ýazky ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda-da bir günde tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Merkezi Aziýanyň merjeni, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde tanalýan Aşgabat ýurdumyzda ekologiýa degişli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyzy bezeýän, köp sanly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän ýaşyl seýilgäh zolaklary şäheriň gözelliginiň we binagärlik sazlaşygynyň üstüni ýetirmek bilen, amatly howa gurşawyny döredýär.
Döwletimiz ekologiýa syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Şunda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak hakynda düzgünler berkidilendir. “Ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerinden ugur alnyp, senagat toplumlaryny tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Täze önümçilik düzümleriniň desgalarynyň gurluşygy, bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil çözgütleriň ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilýär. Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda tebigaty goramak babatdaky döwlet syýasatynyň, milli, sebit we halkara derejede amala aşyrylýan hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli ekologik maksatnamalaryňdyr taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar.
Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistanyň Konstitusiýa esasynda berkidilen Bitaraplyk hukuk derejesi daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarda ýurdumyzy ygtybarly we möhüm hyzmatdaşa öwürýär. Halkara forumlarda öňe sürülýän başlangyçlar Türkmenistanyň adamzadyň durnukly geljegini üpjün etmäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän Watanymyz ählumumy ekologik wehimleriň netijeli çözülmegi üçin möhüm binýat bolan aýratyn hukuk derejesini ulanmak bilen, ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Geldimyrat MYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiya kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.