“WATAN GAHRYMANLARY ÝAŞLAR ÜÇIN NUSGADYR”
08-05-25
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň hormatyna Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Ýeňiş baýramy uludan toýlanýar.
Türkmen halkymyz gahrymançylygyň, mertligiň-merdanalygyň, gadryny bilýän halk. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip bellemek bilen, Ýeňiş gününe aýratyn ähmiýet berýär.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz dürli künjeklerinde dabaraly baýramçylyk çäreler yzygiderli geçirilýär. Ine şeýle dabaralaryň biri-de biziň çagalar bakja-bagymyzyň owadan hem ajaýyp binasynda “Watan Gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr” ady bilen geçirildi. Bu dabaranyň dowamynda Ýeňiş gününe bagyşlap geçirilen uly toparyň körpeleriniň ertirlikleri, görkezme esbaplaryň sergisi gatnaşyjylarda unudylmajak täsir galdyrdy. Uly bag toparlaryň körpeleri bilen “Hiç kim ýatdan çykmaz, hiç kim unudylmaz” diýen temada surat bäsleşigi bolsa dabara aýratyn öwüşgin berdi. Şeýle hem, orta bag toparyň körpeleri bilen “Beýik ýeňşimiz, baky buýsanjymyz” diýen temada göreldeli sapaklar guraldy. Dabarada häzirki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-gün, ýurt barada edýän aladalary, döredip berýän eşretli şertleri dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty, ýurdumyzyň häzirki gazanan uly üstünlikleri janyny aýaman mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine dikilen belent heýkeldir. Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaz. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmak ugrundaky hereketlerinde uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny nesillerimize miras goýan gahryman gerçeklerimiz, şeýle-de Milli Gahrymanlarymyz her bir türkmen raýatynyň kalbynda hemişelik ýaşar.
Polat TAŇRYBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.