PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK HEM-DE YNSANPERWERLIK SYÝASATY DABARALANÝAR

04-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara dostlukly hyzmatdaşlyga esaslanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Türkmen halky goňşy döwletler bilen dost-doganlyk hem-de deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şu işleri türkmen döwleti dünýä döwletleridir halkara guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanasynyň, ýurdumyzda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekilhanasynyň döredilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we işjeň amala aşyrmaga amatly şertleri döretdi.

Parahatçylyk söýüjilige esaslanýan aýdyň maksatlary, alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk hem-de ynanyşmak häzirki wagtda adamzada iňňän zerur bolup durýar, sebäbi biri-biri bilen baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň, özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna uly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyz dünýäde asudalygy pugtalandyrmak hem-de ýüze çykýan düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözmek ýoluny saýlap aldy. Hut şonuň üçinem, Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrundaky başlangyçlaryny has-da rowaçlandyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan asylly syýasatynyň esasy, möhüm ugurlarynyň biridir. Bu günki gün eziz Watanymyzda asylly ýörelgeler dowamata beslenip, ata-babalarymyzyň paýhasly pentlerine eýermek bilen, bütin adamzadyň abadan ýaşaýşy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Goý, bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkäp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!

Sadap HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.


BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň  gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.


DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, dünýä dillerini öwrenmeklerine, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işlerini alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.


1694a2c3ba155b.jpeg
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.