YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR

07-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Durmuşa geçirilýän beýik işlerde halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini görýäris, bularyň her biri röwşen geljegimizi üpjün edýär. Şeýle beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzyň iň täze sahypalary ýazylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ýurdumyzda ösüşler gazanylyp, uly many-mazmuna eýedir. Şu şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada edilýär, abadan, bagtyýar durmuş üpjün edilýär.

Ýaşlar - ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri, ertirki ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller. Bu hakykat, sözüň doly manysynda, Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerinde özüniň subudyny tapýar. Hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň ýazan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby hem ýurdumyzyň ýaş nesline bagyşlandy. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sagdyn nesiller bolup ýetişmegine we özleriniň ýagty geljegini gurmaklaryna mümkinçilik berýär. Şeýle ajaýyp şertlerden ruhlanýan türkmen ýaşlary ähli babatda ýokary netijeleri gazanyp, hemmetaraplaýyn kämilleşýärler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynyň birinde röwşen geljegimiz bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle belledi: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş nesilleriň bilimleri, ukyp-başarnyklary, belent maksatlary durmuşa geçirmekde berk binýatdyr. Bu belent ynamy ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyklykda ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, bilim almagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli işlere has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Watansöýüji, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.