ŞANLY BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGY
14-05-25
2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy baýram edilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar.
Türkmen Bitaraplygy hem 30 ýylyň içinde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp şertine öwrüldi. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar.
30 ýyllyk şanly sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň alyp barýan işiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyz bu sene mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara duşuşyklarda we çärelerde Bitarap Türkmenistanyň hem-de Milletler Bileleşiginiň garaýyşlarynyň, maksatlarynyň bitewüliginiň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň Döwlet baýdagy bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny teklip etdi.
Azym Baýramow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.