ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
02-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan özüniň iň täze taryhynda ozal hiç mahal ýetilmedik belentliklere ýeten kuwwatly ülkä öwrüldi. Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
Häzirki wagtda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk toýlaryna uly dabara bilen barýan Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adam hukuklaryny doly kepillendirmeklik ugrunda dürli görnüşdäki, döwlet ähmiýetli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda döwletimiziň Baş Kanunynyň - Konstitusiýasynyň hem-de Mukaddes Ýaşyl Baýdagynyň orny ýokarydyr. Ýürege ýakyn zadyň özüne çekijiligi we täsiri üýtgeşik bolýar. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy hem-de Döwlet Baýdagy hem her bir türkmenistanlynyň kalbynyň urgusy deýin ezizleýän mukaddes barlyklarydyr.
Baş Kanunymyz ýurdumyzda milli hukuk ulgamynyň binýady, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliliginiň mizemezliginiň kepilidir. Ýaşyl Baýdagymyz bolsa bahar paslynyň görküne, täzelenýän, özgerýän, galkynýan durmuşymyzyň keşbine çalym edýän ajaýyplygymyzdyr. Onda tüýs millilige ýugrulan, kuwwatly döwletleri döreden, dünýäniň medeni ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşan türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy jemlendi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ajaýyp günlerinde ýaşyl Baýdagymyz döwletimiziň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny, asudalygyny, mizemezligini bütin dünýä äşgär edýär. Baýdagymyzda milletimiziň bitewilik ruhy jemlenendir. Bu bitewi ruh bolsa Baş Kanunymyz arkaly mizemezlige öwrülendir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden hemişelik Bitaraplygymyz baradaky ykrarnamasyny degişli Baş Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir. Bu taryhy ykrarnama aýratyn ähmiýet bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kesgitleýän ýagdaýynyň täze maddada beýan edilmegi has-da ýerine düşdi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýan demokratik ýörelgeler ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ol hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde ykrar edilmegini gazanyp, ýurdymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ýurdy abadan bolsun!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.