DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

15-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Başymyzyň täjine we gözlerimiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyzyň bu gün asuda asmanymyzyň parahat goýnunda asudalygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup, erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 33 ýyl dolýar.

Esasy Kanunymyz 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Dünýä tejribesine we döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda, dürli ýyllarda Konstitusiýamyza üýtgetmeleriň girizilmegi milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Konstitusiýamyzda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeler raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýär. Esasy Kanunymyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ykrar edilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk gelýän ajaýyp hakykatdyr.

Ata Watanymyzda şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän şanly sene - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ähli halkymyzyň göwünlerini galkyndyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Başymyzyň täji hasaplanýan, türkmen döwletiniň ýaşyl Baýdagy bu günki gün owadanlygy we ylalaşdyryjylyk häsiýeti bilen bütin dünýäde tanalýar. Döwlet baýdagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygyny, bakylygyny, jebisligini we sarsmazlygyny beýan edýär. Türkmenistanyň dostlugyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň mekanydygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana türkmen halkynyň asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygyny dünýä jar edýär. Şanly senelerde, möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalarda, halkara üstünliklere bagyşlanan dabaralarda ýaşyl Tugumyz belende galdyrylanda, Döwlet senamyz ýaňlananda, kalbyň berkarar Watanymyza bolan buýsançdan pürepürlenýär.

Bu günki günde şeýle şanly sene mynasybetli dabaralar, maslahatlar geçirilip durulýar. Bu dabaralarda ýaşyl Baýdagymyzy wasp edýän aýdymlar aýdylýar, goşgular okalýar. Munuň özi ýaş nesillerde hem watansöýüjiligi kemala getirýär. Ýurdumyzda toý-baýramlary, giňden bellemäge ajaýyp mümkinçilik döredýän, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, halkymyzy eşretli döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Begenç ANNANIÝAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.