Türkmenistanyň ýerli alma sortlaryndan konsentrat taýýarlamagyň tehnologiýasy

08-04-22

 

Hormatly Prezidentimiziň esasy maksadynyň biri hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmekdir. Bu belent maksada ýetmekde, azyk bolçulygyny döretmekde ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumy uly işleri durmuşa geçirýär. Şol sanda ýokary hilli gaýtadan işlenen azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek azyk senagaty pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan miwe, ir-iýmişlerden we gök-bakja önümlerinden dürli görnüşli konserwalary öndürmek, täze usullaryny işläp düzmek biziň öňümizde durýan esasy wezipedir.

Miweleriň we gök önümleriň gaýtadan işlenýän görnüşlerine garamazdan saýlama, ýuwma, arssalama, ownutma, çig maly ýylylyk bilen işleme we taýýar önümleri saklama usullary ulanylýar.

Almanyň ýerli sortlaryndan konsentrat öndürmekligiň dürli tehnologiýalaryna seredip geçsek, olardan iň gerek bolany bugartmak usuly ulanylýan tehnologiki shemadyr. Alma şiresini konsentrirlemegiň fiziki-himiki esaslary şeýle-de prosesiň temperatura ýagdaýyny kesgitleýän, bolup biläýjek goşmaça reaksiýalar barada maglumatlar doly öwrenilmelidir. Bugardyjy apparatlaryň häsiýetnamalary, olaryň artykmaçlygy we ýetmezçilikleri hasaplama esasynda geçirilmelidir. Çig malyň we taýýar önümiň häsiýetnamalary düzülip alma şiresini konsentrirlemegiň prinsipial tehnologiki shemasy saýlanyp alynmalydyr. Üç korpusly apparatda bugartmaklygyň basgançaklary bilen bir hatarda zerur bolan tehnologiki görkezijileri saýlanyp alynmalydyr.

Berlen öndürijilik üçin üç korpusly bugarydjy apparadyň hasaby ýerine ýetirilýär we apparadyň görnüşi saýlanyp alynýar. Üç korpusly we bir korpusly apparatlaryň işleriniň deňeşdiriliş häsiýetnamalary geçirilýär hem-de häsiýetnama esasynda üç korpusly bugardyjy apparadyň gyzdyryjy bugy 5 esse az talap edýänligi netije esasynda ýüze çykarylýar.

Gurbanjemal PAŞYKOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.