ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

20-10-25

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler. Geçen şöhratly taryhy ýolunda pederlerimiz her bir adamyň özüni alyp barşynyň ulgamyna janly tebigaty gorap saklamagyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň pugta ornaşmagyny  gazanypdyrlar.

Elbetde özümizde önýän ekologiýa taýdan arassa önümler bilen iýmitlenmek her birimiziň saglygymyz üçin örän möhümdir. Kadaly iýmitlenişiň saglygy goramakda we keselleriň öňüni almakda aýratyn orny bar. Sagdynlygyň sakasy bolan sagdyn iýmitlenmek bu iýmitiň düzümine, iýmit rejesine, iýmitlenişiň şertlerine bolan talaplara baglydyr. Adam tarapyndan kabul edilýän iýmitler dürlüligi bilen tapawutlanýar, ýöne hiç bir iýmit adam bedenini onuň talap edýän ähli ýokumly maddalary bilen üpjün edip bilmeýär. Adam bedenine gerek bolan ýokumly maddalaryň köp mukdary ösümliklerde we olardan alynýan önümlerde jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasatynyň özenini düzýän sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmeginde kadaly iýmitlenmek babatda güneşe baý ülkämizde Gün nuruny örän bolluk bilen eçilensoň sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň ählisi-de dertlere dermanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtyna kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini we halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak we keselleriň öňüni almak, ekologiýa we arassaçylyk talaplary pugta berjaý etmek, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, tebigy howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny ylmy taýdan öwrenmek babatda gysga döwürde uly işler amala aşyryldy. Pasyllaryň çalyşmagy bilen adam bedeninde belli bir derejede täsirler duýulýar.

Häzirki wagtda howanyň ýagdaýyna seljerme geçirilmäniň netijesinde, howada tozanyň agdyklyk edýändigi sebäpli adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyz ýagdaýlaryň döreýändigi hemmämize mälimdir. Howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynda, bazarlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki ilata hyzmat edýän edaralarda raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Şeýle-de, allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär.

Saglygy goramak hem berkitmek üçin ilki bilen şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Sözümiziň başynda hem aýdyşymyz ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr.  Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.

Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýän, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Aýna ANNAORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

1694e2dd9f1490.jpeg
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR

Mälim bolşy ýaly, Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­ründe­ beý­le­ki­ ul­gam­lar ­bi­len ­bir ­ha­tar­da,­ ylym-bi­lim ­ul­ga­my hem ­ösüş­ler­den-ösüş­le­re, ­öňe ­gi­diş­lik­le­re ­bes­len­ýär.­Ýaş­ nes­li­mi­ziň ­be­den ­we­ ru­hy ­taý­dan ­has­ kä­mil bol­ma­gy ­üçin köp­ iş­ler­ ama­la­ aşy­ryl­ýar.


1694a2c3ba155b.jpeg
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.


1694a2b572d7f3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.


16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.