BAGTYÝAR NESIL – ÝURDUŇ RÖWŞEN GELJEGI
16-05-25
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy netijesinde, özbaşdak işleri guramakda, sapaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Bu tehnologiýalaryň öwrediji oýunlary ulanmakda hem peýdasy uludyr. Çaganyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin sanly bilim serişdelerine uly orun degişlidir.
Häzirki wagtda körpeler goşgularyň, aýdymlaryň, ertekileriň, matallaryň üsti bilen däp-dessurlarymyzy öwrenýärler, döwrebap bilim we milli terbiýe alýarlar. Olara çagalar baglarynda ilkinji düşünjeler berilýär, dil baýlyklary artdyrylýar. Her bir alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işi ýurdumyzyň şu günki gazananlary, ýagny çaganyň günde-günaşa görüp-eşidip ýören zatlary bilen deňeşdirilse, özbaşdak pikirlenmek ukybynyň, ýatkeşliginiň, göz öňüne getirme başarnygynyň ösdürilmegine ugrukdyrylsa, onuň özüni şahsyýet hökmünde aňyp, jemgyýete degişlidigini duýup başlamagyna ýardam edýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek we körpeleriň işjeňligini ýokarlandyrmakda sapaklar we sapakdan daşary guralýan terbiýeçilik pursatlar, ýagny gezelençler, guralýan dürli oýunlar ähmiýetli bolup durýar. Çagalar baglarynda guralýan her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak işi gönüden göni terbiýeçilere bagly bolup durýar. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Häzirki wagtda terbiýelenýän körpelere daş-töwerekde bolup geçýän ähli hadysalara gyzyklanma, olar barada köp zatlary bilmek islegi döredilýär. Munuň üçin, körpelere meýilnama boýunça öwredilýän maglumatlary gowy diňlemeklerini, onuň gürrüňine düşünmeklerini we düşünen maglumatlary barada gürrüň bermeklerini öwretmek zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, sapaklar esasan gürrüň we söhbetdeşlik hem-de körpeleriň özleriniň işjeň gatnaşmaklary arkaly alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde öwretmegiň dürli oýun görnüşleri-de bar. Sapak guralanda tema boýunça körpeleriň ýaşyna, öňki alan bilimine görä mazmunyny giňeltmek mümkindir.
Körpe neslimizi ylymly-bilimli, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirmegiň her bir bilim işgäri üçin mukaddes borç bolup durýandygyny her birimiziň bilmegimiz zerurdyr. Şeýle guramaçylykly sapaklary gurap, işjeň we döwrebap tehnologiýalar arkaly nesillerimiziň bilim-terbiýesini ösdürmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Daýanç AŞYROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.