GURÝAN DÖWLET GURPLUDYR...
10-04-22
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylan ösüşiň şu täze döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik Maksatnamasynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllyk ösüş ýoluny dowam etdirmek, bilen mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň baş maksadydygy barada aýdypdy. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görüm-göreldesine eýerýän Arkadagly Serdarymyz häzirki täze eýýamda üstünlikli alyp barýar. Munuň şeýledigini “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken buýsançly Karary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, gol çekilen bu resminamada beýan edilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu taryhy Karar diňe bir Ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynyň agzybir zähmetkeşleriniň däl, eýsem tutuş türkmen halkynyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Munuň özi hem bolsa täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagy ýurdumyzyň welaýatlaryň, etraplarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, ähli durmuş düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça nobatdaky anyk ädimlerdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän uzakmöhletli ýeňillikli karzlaryň şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge bolan elýeterliligi üpjün edýär. Ýeri gelende soňky ýyllarda ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň artýan geriminiň netijesinde, güneşli Diýarymyzda müňlerçe maşgalalar ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň öýleriniň eýeleri bolandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenilen ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynyň agzybir zähmetkeşleri üçin bu künjekde täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup berilmegi baradaky başlangyçlar täze 30 ýyllyk döwrümizde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak baradaky tutumly başlangyçlaryň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok. Çünki, taryhy resminama gurýan döwletiň gurplydygyny ýene bir gezek tassyklady. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Jumadurdy SAPARGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.