SPORT SAGDYNLYGYŇ SAKASYDYR
17-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlarynyň, welosipedli ýörişleriň,
Indi mähriban Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi halkara bileleşigi bilen ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Şu uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen sport oýunlarynyň hem-de bedenterbiýe - sagaldyş hereketi giňden geçirilýär. Tutuş ýurdymyzy gurşap alýan bu uly, ählihalk sport baýramçylygyna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar.
Sport saglygyň sakasy. Onuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan her bir adamyň bedeni berk, ruhy belent, jany sag bolýar. Şonuň üçin-de «Sagdyn durmuş ýörelgesi adamy bezeýär, çünki saglyk milletiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» - diýip, buýsanç bilen nygtaýan hormatly Prezidentimiziň baş bolmagynda bu günki sagdyn durmuş ýörelgeleri ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu mizemez ýörelge täze eýýamyň Galkynyşy döwrümizde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu günki gün bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna saglyk paýlaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtamagy Döwlet Baştutanymyzyň halkyň saglygyny goramak barada anyk meseleleri öňde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Şol meseleleri amala aşyrmak üçin iň bir möhüm serişdeleriň biri hem bedenterbiýe we sportdyr. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipelerden ugur alsak hem ýaşlar sportuny we bedenterbiýesini goldamak sport ulgamynyň öňündäki esasy maksat bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda pugtalandyrýar we giňeldýär. Bütin dünýä Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýan iri halkara sport forumlaryny guramak ukybyny hakykatdanam görkezýändigine we subut edýändigine şaýatdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öndengörüjilikli syýasaty asuda jemgyýetimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga, olarda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmäge gönükdirilendir. Öz halkynyň sagdyn, bolelin hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dyngysyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy, l.y.k.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.