MILLI YKDYSADYÝETIŇ PUDAKLARY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

26-09-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler guwandyryjy netijelere eýe bolýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeler goýulýar. Ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagy, önümçilik toplumlarynyň kämilleşdirilmegi şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ýurdumyzda “akylly şäher” maksatnamasynyň ilkinji hem-de ajaýyp nusgasy bolan Arkadag şäheriniň döwrebap binalary, iri senagat we energetika desgalary ýaly taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi uzak geljegi nazarlaýan ösüşlere ýol açýar.

Amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine we döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa senagatçylaryň we telekeçileriň artmagyna getirýär. Ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan telekeçiler tutanýerli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden başlap, elektron senagatyň önümlerini işläp taýýarlamaga çenli dürli ugurlarda alnyp barylýan işlerde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler täze ösüşlere eýe bolýar. Şeýle hem maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler döwrebap mümkinçilikleri we täze şertleri bilen tapawutlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary kämilleşdirilýär. Döwletimiz tarapyndan telekeçiligi goldamak, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilip, hususy pudak bilen baglanyşykly kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýurdumyzy uzak möhletleýin esasda ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda orun alýar.

Ýurdumyzda hususy pudagyň wekilleri “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýada: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ilatyň düzüminde emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar, olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy esasda ösdürmekde alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýär. Bu ösüşli ýollar bizi has-da guwandyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösýän döwlete öwrülmegini şertlendirýän çuňňur oýlanyşykly ykdysady syýasaty durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Göwher SOLTANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.