KÖRPEJELER MILLI RUHDA TERBIÝELENÝÄR
23-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler, kabul edilýän döwlet bilim resminamalary türkmen halkyny uly ösüşlere atarýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly pugtalandyrylýar. Bilimiň üsti bilen durmuşyň sungat, medeniýet, saglyk, bedenterbiýe ýaly ulgamlary her bir adamyň kalbynda kiçi ýaşlaryndan orun alýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns-alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň düşünjesiniň ösmegi üçin dürli usullar peýdalanylýar. Esasan hem, olar bilen terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly dünýägaraýyşlaryny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň gidişinde täze usullar bilen işlemegiň ýola goýulmagy bellenildi. Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilýän okuw sapaklary mekdepdäkiden düýpli tapawutlanýar. Bu ýerde çaganyň hem oýna, hem sapaga bolan gyzyklanmasyny sazlamak, elbetde, terbiýeçi mugallyma bagly bolup durýar. Çaga berk düzgünlere, talaplara duçar bolýar. Meselem, sapagy ünsli diňlemek, mugallymyň sowalyna jogap bermek, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek, sapaklaryň tertibi, mugallyma ýüzlenişi we şuňa meňzeş ýagdaýlar çagalarda belli bir kynçylygy we jogapkärçiligi döredip bilýär. Ýuwaş-ýuwaş çagada öz deň-duşlaryna, ululara garaýşy üýtgeýär. Şu döwürde terbiýeçiniň çagalara has ýakyn bolmagy, olar bilen yzygiderli söhbetdeşlikleri geçirmegi möhümdir.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalary görýän, eşidýän, bolýan wakalar bilen ýakyndan tanyşdyrmak, öwretmek, düşündirmek ilkinji zerurlyklaryň biridir. Çaga başlangyç synpa barmazyndan öňürti mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklar boýunça ýönekeýje düşünjeler öwredilýär. Olary çaganyň oňat özleşdirmegi üçin terbiýeçiler görkezme esbaplaryndan, gezelençlerden peýdalanýarlar. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagymyz boýunça çagalara häzirki paslymyz barada giňişleýin düşünjeleri berýäris. Meselem, güýz paslynda ene toprakdan hasyllaryň ýygnalýandygy barada gürrüň berilýär. Gawun, garpyz, pagta, käşir, üzüm we beýleki ekinleriň ýyglyp, ýerleriň geljekki hasyl üçin sürlüp, taýýarlanyp goýulýandygy barada aýdýarys. Çagalar özleriniň iýýän gawun, garpyz, alma, şetdaly, pomidor... ýaly miwedir gök-önümleriniň atlaryny sanaýarlar. Bu sapak boýunça çagalara öz halaýan miweleriniň suratlaryny çekmegi öwredýäris. Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen guşlaryň hem ýyly ýurtlara uçup gidýändigi barada slaýd şekilleriniň üsti bilen gürrüň berýäris. Olara gündelik görýän guşlarynyň atlaryny sanadyp, nähili guşlary bilýändikleri hakynda gürrüň berdirýäris. Olara tebigat bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamalydygy, janly-jandarlara hiç hili zyýan ýetirmeli däldigi barada hem düşündirýäris. Körpelere baglary, gülleri köp ekmelidigini, ekilen ösümliklere suw berip, olaryň düýbüni hemişe ýumşadyp, arassalamagyň peýdaly taraplaryny aýdýaryn, otaglarda ýetişdirilýän güllere hem ideg etmegi öwredýäris. Öýe iş hökmünde bolsa çagalaryň ýene-de köp sanly ösümlikleriň we haýwanlaryň atlaryny öwrenmeklerini we olaryň käbirleriniň suratlaryny çekip gelmeklerini, tebigat hakyndaky goşgulary ýatdan aýdyp bilmeklerini tabşyrýarys.
Türkmen halkynyň özboluşly ruhy dünýäsi, durmuş ýörelgeleri bar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hem şeýle kämil durmuş ýörelgelerimiziň üsti bilen körpe nesli terbiýelemek her bir bilim işgäri üçin uly buýsançdyr. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, döwrebap bilim we terbiýe bermäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen JUMADURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyn terbiýeçi-usulyýetçisi.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.