Welosiped — saglyk we belent ruh

01-11-25

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk gününde bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişleriň giň gerimde geçirilmegi çagalykda iň gyzykly güýmenjämiz bolan welosipediň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.

Uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan uly, ählihalk sport baýramçylyklaryna bagtyýar raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Sport bilen meşgullanyp, ruhubelentligini galdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gezelenç etmegi, saglygyny berkitmegi üçin welosporty ösdürmek baradaky aladalary ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň ruhubelent ýaşamagynda uly ähmiýet eýeledi.

Lukmanlaryň bellemegine görä, welosiped sürmek çagada özerkliligi, ruhubelentligi, çydamlylygy, gujurlylygy terbiýeleýär. Mundan başga-da, çaga tigir sürmegi öwrenmek arkaly gorkulary ýeňip geçmek, maksada okgunly bolmak, töweregindäkilerden nusga almak ýaly endikleri özleşdirýär. Diýmek, bu sport ulagy diňe saglygymyza däl-de, biziň jemgyýetde özümizi alyp barşymyza, zähmetsöýer, düzgün-nyzamly bolmagymyza, geljekde durmuşyň çylşyrymly öwrümlerinde çalt we dogry çözgüt tapmagymyza-da ýardam edýär.

Welosiped sporty sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolmak bilen, ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan, ony ulag serişdesi hökmünde peýdalanýan adamlaryň sany yzygiderli artýar.

Elbetde, welosiped diňe bir uzak ýola aşmagyň amatly serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol saglygyňy berkitmekde hem diýseň peýdalydyr. Muny öz işine ussat lukmanlardyr alymlar hem tassyklaýarlar. Welosiped sürmegi ýagşy endik edinen adamyň dem alşy hem kadaly bolýar we tutuş bedeniň işjeňligi ýokarlanýar. Bu bolsa ynsanyň has-da ruhubelent bolup, uzak ýaşamagyna, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, dury pikirli bolmagyna uly itergi berýär.

Bütindünýä welosiped gününe hem-de bagyşlanyp geçirilýän ekologik çäräniň çäklerinde paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi hem ýurdumyzda sagdyn durmuşyň ýörelgä öwrülendiginden habar berýär. Bu çäre adam üçin amatly bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy sagdynlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şu günlerde şäherde hereket edýän ulaglaryň sanynyň göz-görtele azalmagyna, raýatlarymyzyň pyýada ýa-da welosipedli hereketlerine ser salanyňda, çäräniň peýdasynyň bimöçberdigine göz ýetirýärsiň.

Mähriban halkymyz hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkitmek işlerini dowamly alyp barýarlar. Halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin şeýle zerur işleri durmuşa geçirýän, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmegi özüniň hemişelik aladasyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nurmuhammet GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keselleri kafedrasynyň assistenti.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.