Sanly bilim — kämil tejribe
04-05-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — Milli ösüşimiziň täze tapgyry. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak we belent sepgitleriň ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar.
Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe belent ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýip belledi. Munuň özi ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekligiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilmelidigini görkezýär. Hut şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyryp, kämil ýaşlary ýetişdirmek boýunça ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
Sanly bilim — kämil tejribe. Muny dünýä tejribesi doly subut etdi. Bu babatda häzirki döwürde «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, agzalan konsepsiýalar milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede berkitmäge, ulgamy sanlylaşdyrmaga — sanly bilim ulgamyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurt Baştutanymyzyň hut şu ugurda geljekde hem giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçiriljekdigini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini bellemegi bolsa, bilimler ýurduna öwrülen ata Watanymyz Türkmenistanda iň kämil innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly bilim ulgamynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde we halkara gatnaşyklarynda örän möhüm orun eýeleýär. Degişli ugurda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä dillerini bilýän ýaşlar we ussat halkaraçylar ýetişdirilýär. Munuň özi döwletimiziň abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýäniň ösen döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni taýdan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan başarjaň türkmen ýaşlarynyň täze nesliniň kemala gelýändigine doly güwä geçýär.
Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülzada AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.