PEDERLERIŇ GÖRELDE MEKDEBI

24-10-25

Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesi, durmuş tejribesi bar. Pähimdar pederlerimiziň kemala getiren bu milli ýörelgeleri ýaş nesilleri terbiýelemekde hem nusgalyk ýoldur, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýaş nesilde pederlerimiziň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, wepalylyk, dogruçyllyk ýaly häsiýetlerini kemala getirmek üçin bilim işgärleri, mugallymlar asylly işleri alyp barýarlar. Bu günki günde bilimi we terbiýäni utgaşdyryp alyp gitmek, kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek baş maksadymyzdyr.

Halkymyz ähli gözellikleriň naýbaşysyny edep-ekramda, asylly terbiýede görýär. Türkmeniň ruhunyň gözbaşy edepden başlanýar. Şonuň üçinem ene-mamalarymyz çagalarynyň terbiýesine diýseň eserdeň çemeleşipdir. Perzent seniň ömrüň ahyryna çenli ykbal ýoluňy ýagtyldyp, göwün guşuňa ganat berýän köňül telwasyňdyr. Ýaşlaryň terbiýesinde görüm-göreldäniň, ýagşy sözüň, wagyz-nesihatyň uly orny bar. Şonuň üçin hem ýaşlarda terbiýe mekdebini zähmetsöýerlik bilen utgaşdyrmak oňat netijesini berýär. “Adam bagdyr, zähmet onuň bagbanydyr” diýen nakyldan ugur alan ata-babalarymyz öz zähmeti bilen kemal tapypdyrlar.

Maşgalada edepli-ekramly çagalary ösdürip kemala getirmek borjy tutuş jogapkärçiligi bilen ene-atanyň gerdenine düşýär. Çaga berilýän kämil terbiýe bolsa ene süýdi bilen ornaşýar. Sebäbi çaga başlangyç terbiýesini enäniň kalbyndan susup alýar. Hut şonuň üçin, başlangyç terbiýe ynsanyň geljekki ykbalyny çözýän esasy çesmesidir. Maşgala terbiýesinde esasy orun aýal maşgala degişli bolýar. Çünki adamzadyň sallançakdan başlanýan ömür ýolunyň dowamynda çagalyk döwri ejesi bilen has ysnyşykly ýagdaýda geçýär. Maşgalada ata-enäniň çagalara berýän terbiýesi, ilki bilen, görüm-göreldeden başlanýar.

Berkarar döwletimizde ýaş nesliň döwrebap şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin çagalykdan halal zähmete bolan söýgini döretmek zerurdyr. Sebäbi çagalykda aňa siňen duýgy-düşünjeler, gylyk-häsiýetler uzak wagtlap hakydaňda galýar, berkeýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Adam halal zähmeti bilen mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar. Pähimdar pederlerimiz terbiýe mekdebinde halk döredijiliginden peýdalanypdyrlar, nakyllary, rowaýatlary gürrüň beripdirler. Halk döredijiliginiň nusgalary ýaş nesiller üçin has-da täsirli bolupdyr. Munuň özi durmuşda gerekli ýoly saýlamaga, zähmet bilen bagtyýarlyga ýetmäge mümkinçilik beripdir.

Hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda pederlerimiziň döreden gymmatlyklary, milli medeniýetimiziň ajaýyplyklary hakynda ylmy maglumatlar getirilýär. Şeýle-de geçmişde ýaşap geçen şahyrlaryň, beýik şahsyýetleriň keşbi arkaly nusgalyk ýollar hakynda beýan edilýär. Şeýle ajaýyp kitaby okap, geçmişdäki merdana pederlerimize buýsanç, watansöýüjilik hakyndaky mukaddes pikirler kemala gelýär. Bu ýaş nesilleri terbiýelemegiň nusgalyk ýoludyr, pederlerimiziň görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde beýan edilen, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ekerançylyk medeniýeti köňülde buýsanç döredýär. Esasan hem, bu medeniýetiň gözbaşynda halkymyzyň zähmetsöýerliginiň, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgesiniň bardygy hakynda oýlanýarsyň hem-de pederlerimiziň şeýle ýörelgesiniň ýaş nesilleriň aňynda iň oňat pikirleri döredýändigine göz ýetirýärsiň. Bu bolsa milli terbiýäniň, asylly ýörelgämiziň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.

Baý mirasly halkymyzyň her bir gymmatlygy terbiýeçilik ähmiýetli. Olary öwrenip, halka ýaýmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Gymmaty egsilmejek gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ähmiýetliligi türkmen halky üçin belent mertebedir. Goý, halk mirasyny mynasyp derejede sarpalamakda bize nusgalyk ýoly görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, abraý-mertebeleri belent bolsun!

Menzil NURMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.