AHALTEKE BEDEWLERI – TÜRKMEN HALKYNYŇ MIRASYDYR

26-04-23

Milli gymmatlyklarymyzyň biri, halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň öz köküni has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny taryhy maglumatlar subut edýär. Türkmenistanyň çäklerinde atyň bäş müň ýyl mundan ozal eldekleşdirilendigi gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde subut edildi. Änewde geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan at süňkleriniň esasynda “Marguşda, Altyndepede, Ulugdepede, Garadepede, Namazgadepede,  Pessejikdepede, gadymy Uzboýda, Gazawuldepe we Içýanlydepe diýen ýerlerde geçirlen işleriň netijesinde tapylan tapyndylaryň, şeýle hem ýazuw çeşmeleri esasynda, şu günki gün Türkmenistan dünýäde ilkinji atlaryň eldekleşdirilen ýeridir hem-de iň gadymy at tohumynyň ösdürilip ýetişdirilýän mesgenidir diýip aýtmaga  ähli deliller we subutnamalar bar.

Nusaýda tapylan bürünçden ýasalan atyň üstünde ýaýdan ok atyp barýan “Nusaý atlysyny”, pars patyşasy Artabanyň atyň üstündäki şekli zikgelenen altyn teňňeleri  we ganatly atyň şekili bolan ritonlary mysal getirip bolar.

Gadym zamanyň meşhur taryhçysy Geradot «Şu zamanada mälim bolan bedewleriň ählisinden adaty bolmadyk tohumynyň artykmaçlygy bilen tapawutlanýan atlar – Nusaý atlarydyr» diýýär. “Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýarlar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary hawada owsun atýar”. Bu ruhlandyryjy ýazylan setirler biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda ýaşan gadymy rim taryhçysy  Appiana degişlidir.

Gadymy grek geografy we taryhçysy Strabon bolsa ”Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler” diýip tassyklaýar.

Gadymy ýaşaýyş mesgenleriň biri hasaplanýan Goňurdepeden gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde taý süňkleri tapyldy. Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar-bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljik-bu tapyndylaryň ählisi, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň  atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär.

Bu barada Baron K.Bode XIX asyryň ahyryndaky ýazgylarynda ”Teke atlarynyň gadymy Nusaý bedewleriniň neslidigine şübhe ýok; Nusaý okrugy we şol çäkleriň harabaçylyklary häzirki teke-türkmenleriniň eýeçilik edýän ýerleriniň düzümine girýär” diýip belläp geçýär. Professor Brauner hem “Ahalteke aty arap atyndan has öň dörän atdyr. Bu çapylýan gadymy atlaryň özbaşdak kämilleşen görnüşidir”  diýip ýazýar.”

Ahalteke atlary gadymy Greklerde massagetleriň atlary, nusaý atlary ady bilen belli bolan, Hytaýlylarda asman atlary, ýel atlary ady bilen mälim bolan atlaryň hemmesi gadymy Oguz türkmen atlary bolup, biziň döwrümize ahalteke atlary ady bilen gelip ýetendir.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyzdyr we şöhratymyzdyr” atly eserinde ”Parfiýalyryň gelmegi bilen ajaýyp bedew Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär” diýip bellemegi Beýik Parfiýa döwletinde bedew atyň sarpasynyň belent tutulýandygyna güwä geçýär.

Taryhy maglumatlara görä Türkmenistan diňe bir Ahalteke atlarynyň watany bolmak bilen çäklenmän, eýsem Gündogarda atlaryň ilkinji eldekleşdirilen ýeri hem bolupdyr.

Muňa 1904-nji ýylda amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde geçirilen arheologiýa ylmy-barlag ekspedisiýasynyň netijesinde: “Ýörite barlaglardan we şondan soňraky umumy deňeşdirmelerden soň, men Änew atynyň Gündogar tohumly atlaryň ilkinji wekilidigini şübhelenmän tassyklap bilerin” diýip aýtmagy hem doly güwä geçýär.

Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň nyşanyna öwrüldi. Türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!                                                        

Ýunus NURMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby. 

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.