DIL BILMEK - ELÝETMEZ BAÝLYK
22-10-25
Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň orta, orta we ýörite, ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy ýaşlaryň düýpli bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegine uly ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde sanly bilimi ösdürmek, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Netijede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hili ýokarlanýar.
Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Geljekki hünärmenleriň zähmet işi bilen gös-göni bagly bolan öňdebaryjy tehnologiýalarda işlemegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurdyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýeti kämilleşýär. Bu ugur esasynda dünýä dillerini öwretmek döwrebaplygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirmegi başarýarlar. Şonuň üçin hem dil egsilmez baýlyk, ylymlaryň çeşmesi hasaplanýar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, häzirki ajaýyp döwrümizde ene dilimizi öwrenmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini öwrenmäge hem aýratyn üns berilýär. Köp dil bilmek elýetmez baýlyga - ruhy baýlyga eýe bolmakdyr. Dilleri öwrenmek arkaly kämil ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Has takygy, dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen ylymlaryň hem çeşmesi hasaplanýar. Bu ugurdan sapaklary guramaçylykly geçirmek bilim bermegiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, halkyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini içgin özleşdirmegi, bu dilde erkin gürläp bilmegini gazanmak ugrunda her bir daşary ýurt dili mugallymy okatmagyň netijeli usullaryny saýlap alýar. Sapaklary guramakda mugallymyň başarnygy, bilim bermek, öwretmek ukyby aýratyn ähmiýete eýedir.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek we bilmek, adamyň medeniýetiniň ösendigini kesgitleýän ýagdaýdyr, çünki dil dostluk köprüsi hasaplanýar. Dünýä dilleriniň üsti bilen halklaryň dostlugy, medeni gatnaşyklary üpjün edilýär. Dürli medeniýetleriň arabaglanyşygyny guramakda dil bilimi uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwretmek ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda amala aşyrylýar. Dünýä dillerini bilýän ýaşlarymyz daşary ýurt edebiýatlaryndan, ylmy çeşmelerden, internet ulgamyndan peýdalanmaga ukyplydyrlar.
Dil öwrenmegiň gymmaty häzirki zamanda öňde goýlan maksada ýetmegiň ädimidir. Ykdysady, ylmy-tehniki we ruhy taýdan gatnaşyklaryň şertinde iňlis dili milletara aragatnaşyk dili hökmünde jemgyýetçilik durmuşyna girdi. Iňlis dili ylmyň, tehnikanyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim ojaklarynda okatmagyň interaktiw usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen özgertmeler zehinli ýaşlary ýüze çykarýar, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýaýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlary, pudaklary sanlylaşdyrmak babatynda döwrebap işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ynsanyň döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açmaga ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilmegi röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.