PARAHATÇYLYGYŇ WE HOŞNIÝETLILIGIŇ MEKANY

24-10-25

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ähmiýeti we onuň orny has-da aýdyň häsiýete eýe bolýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň aýdyňlygy, şeýle hem sebit we sebitara möçberlerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi möhüm esaslar bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üç gezek ykrar edilmegi hem munuň subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä ýüzündäki dabaralanmasy bolup durýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ähmiýeti we onuň orny bu gün has-da aýdyň häsiýete eýe bolýar. Biziň döwletimiziň umumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde alyp barýan işleri Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has hem beýgeldýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, deňhukuklylyk we özara peýdalylyk esasynda dünýä döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda ulaglar, energetika, ekologiýa, saglygy goraýyş, syýahatçylyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlyklar barha pugtalanýar.

Munuň şeýledigine paýtagtymyzda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat aýdyň beýan etdi. Şundan hem görnüşi ýaly, şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzyň we sebitiň, dünýäniň ösüşi bilen bagly möhüm ugurlary kesgitleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistanyň dünýäde öňe sürýän ýörelgeleriniň biri hem parahatçylykdyr. Parahatçylyk sebitde we dünýäde durnukly ösüşi, hoşniýetli hyzmatdaşlygy üpjün edýär. Bu bolsa islendik ýurduň ösüşinde parahatçylygyň, abadançylygyň örän möhüm ornunyň bardygyny aýdyň beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutulýan ugur hökmünde öňe sürýän döwletimizde beýik işleriň ençemesine badalga berilýär. Ýokary ösüşleriň we belent üstünlikleriň gazanylýan ajaýyp döwrümizde Ýer ýüzünde parahatçylygyň we agzybirligiň, dostluk-doganlygyň höküm sürýän mekany hökmünde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly ösüşleri gazanyp, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri bilen uly ösüşlere beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Diýarymyzyň her bir güni uludan tutulýan dabaraly toýlara, baýramlara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Bu taryhy sene - hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy merdana ata-babalarymyzyň parahatçylykly durmuş, agzybir ýaşaýyş baradaky asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-islegleriniň hasyl bolandygynyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlaryny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän işleri halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy eziz Diýarymyzda iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri we halkara taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň agzasy bolmak bilen, dünýäde durnukly syýasy ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklaryň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi hem muny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bütin dünýäde dabaralandyryp, umumadamzat bähbitli asylly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.