ÝURDUŇ GELJEGI – ÝAŞ NESLIŇ BAGTYÝARLYGY

24-04-25

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna geçmegiň, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmegiň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Berkarar Watanymyzyň bilim ojaklarynda sanly bilim ulgama geçmek barha giň gerime eýe bolýar. Taryh döwletleriň maddy, halklaryň ruhy-medeni ösüşleriniň ylma esaslanýandygyny döwürleriň we eýýamlaryň synaglaryndan geçirip subut etdi. Hut şu jähetden hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwrebap bilim ojaklarynyň ýylsaýyn artýan gurluşygy yzygiderli dowam etdirilip, olarda döwrebap mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belleýär. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerip, çagany ýaşlykdan alada bilen gurşap almak, orta mekdepde bilim-sowat öwretmek hem-de ýokary okuw mekdepde kämil hünärmen edip ýetişdirmek, olary ylma höweslendirmek baş maksadymyzdyr. Türkmenistanyň milli bilim ulgamy innowasion tehnologiýalara we dünýä tejribesine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýaşlara berilýän bilimiň ýokary hil derejede bolmagyny maksat edinip, adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm ähmiýetli üstünliklerinden biri - ylma esaslanýar. Şular bilen birlikde, ýurduň milli bilim we ylym ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulmagy gazanyldy.

Häzirki wagtda bilim özgertmelerinde ýaşlaryň kämil, döwrebap bilimlerden habarly bolup ýetişmekleri esasy ugur bolup durýar. Bu belent maksatlar bilim öwretmegiň hiliniň yzygider kämilleşdirilmegi, döwrebap mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi ýaşlarda iň asylly häsiýetleri - ruhubelentligi, ylma-bilime ymtylyşy terbiýeleýär we olary bilesigeliji bolmaga çagyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle üç dili - türkmen, rus, iňlis dillerini öwretmek bilen bagly öňde goýan wezipesi örän derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, ösüp gelýän nesliň ene dilinden başga-da dilleri bilmegi ýaşlara uly baýlykdyr we geljekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda elektron kitaphana gorlarynyň baýlaşdyrylmagy, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw usuly toplumlaryň köpeldilmegi we başlangyç elektron maglumat gorunyň täze maglumatlar bilen doldurylmagy mugallymlaryň işlerini has-da ilerledýär. Bilim ojaklarynyň lingafon, kompýuter otaglary, interaktiw tagtalary, multimedia okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň özi sanly bilim ulgamyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulgerek NIÝAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.