Milli kanunçylygymyz – berkararlygymyzyň binýady
27-02-26
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýär hem-de döwletimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna ýokary baha berýändigini beýan edýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy, agzybirligi berkarar etmek bilen bir hatarda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny düzýär.
Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Konstitusiýasyna berkidilendir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Bu aňlatmany milli hem-de halkara bähbitlerini sazlaşykda alyp barýan ýurduň daşary syýasat ýörelgelerinde aýdyň görmek bolýar.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny almak bilen parahatçylygyň hatyrasyna taryhy ädim ätdi. Şu ýyllaryň dowamynda ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyk hem oňyn hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek bilen, diňe bir öz halkymyzyň ykbalyna däl, eýsem, sebitiň parahatçylyk hem howpsuzlyk meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň beýik nusgasyny görkezip gelýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özeni taryhy we geografik aýratynlygyna, ýurduň etnomedeni barlygyna, özünde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny we parasatly ruhy däpler bolan hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, goňşuçylygy, agzybirligi jemleýän türkmen halkynyň aňyýetine laýyk gelýän pelsepesi bolup durýar. Üstesine-de, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň diňe bir içki ösüşini kesgitlemän, eýsem, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini özünde jemleýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy we halklaryň dostlugyny wasp eden bu belent pikirler türkmen döwletiniň ahlak esasy bolup durýar. Türkmenistan alyp barýan daşary syýasatynda halklaryň ýakynlaşmagyny we özara düşünişmegini döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýar. Bitaraplygyň kökleri, milletiň ruhy gurluşynyň esasy aýratynlygy we onuň ýaşaýşynyň özboluşly kadasy hökmünde ornaşyp, indi özüniň amala aşmasyny ýurdumyzyň daşary syýasatynda tapýar we dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna hem-de belent abraýa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýy, şöhraty we beýikligi gyşarnyksyz ösýär, onuň halkara syýasy derejede orny barha berkeýär. Biziň döwletimize dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň hemişe güýçlenmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige uly üns berýänligi, onuň alyp barýan daşary syýasaty we global ähmiýetli öňe sürýän teklipleri bilen kesgitlenýär. Biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň we ornunyň ýokary galmagyna, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy we ruhy baýlygy, jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak we giň gerimli özgertmeler ýoly gönüden-göni täsir edýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Serdar HOJAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.