Türkmenistanyň Esasy Kanuny – baky berkararlygymyzyň binýady
04-06-25
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýär hem-de döwletimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna ýokary baha berýändigini beýan edýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy, agzybirligi berkarar etmek bilen bir hatarda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny düzýär.
Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Konstitusiýasyna berkidilendir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de bütin adamzadyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň ýoludyr. Bu aňlatmany milli hem-de halkara bähbitlerini sazlaşykda alyp barýan ýurduň daşary syýasat ýörelgelerinde aýdyň görmek bolýar.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny almak bilen parahatçylygyň hatyrasyna taryhy ädim ätdi. Şu ýyllaryň dowamynda ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyk hem oňyn hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek bilen, diňe bir öz halkymyzyň ykbalyna däl, eýsem, sebitiň parahatçylyk hem howpsuzlyk meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň beýik nusgasyny görkezip gelýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özeni taryhy we geografik aýratynlygyna, ýurduň etnomedeni barlygyna, özünde gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny we parasatly ruhy däpler bolan hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, goňşuçylygy, agzybirligi jemleýän türkmen halkynyň aňyýetine laýyk gelýän pelsepesi bolup durýar. Üstesine-de, halkymyzyň bu asylly häsiýetleri ýurdumyzyň diňe bir içki ösüşini kesgitlemän, eýsem, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini özünde jemleýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy we halklaryň dostlugyny wasp eden bu belent pikirler türkmen döwletiniň ahlak esasy bolup durýar. Türkmenistan alyp barýan daşary syýasatynda halklaryň ýakynlaşmagyny we özara düşünişmegini döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýar. Bitaraplygyň kökleri, milletiň ruhy gurluşynyň esasy aýratynlygy we onuň ýaşaýşynyň özboluşly kadasy hökmünde ornaşyp, indi özüniň amala aşmasyny ýurdumyzyň daşary syýasatynda tapýar we dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna hem-de belent abraýa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýy, şöhraty we beýikligi gyşarnyksyz ösýär, onuň halkara syýasy derejede orny barha berkeýär. Biziň döwletimize dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň hemişe güýçlenmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige uly üns berýänligi, onuň alyp barýan daşary syýasaty we global ähmiýetli öňe sürýän teklipleri bilen kesgitlenýär. Biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň we ornunyň ýokary galmagyna, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy we ruhy baýlygy, jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak we giň gerimli özgertmeler ýoly gönüden-göni täsir edýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Arslan HALJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuñ bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky Gullugynyň Daşoguz welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy, 3-nji derejeli ýurist.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.