GALLALY MEÝDAN – TYLLALY MEÝDAN

14-06-25

Ene ýeriň hakyky eýeleri bolan gallaçy daýhanlaryň arly ýyllap çeken yhlasly zähmetleri ýerine düşendiginiň alamaty hökmünde ak bugdaýly pellerde nurlanýan bol galla hasyly buýsanjyňy goşalandyrýar. Babadaýhanlarymyza berilýän ýeňilliklerden giňden peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işine oba hojalyk işgärleri saldamly goşant goşýar. Gallanyň bol hasylynyň ýygnalmagy bolsa Watanymyzyň ak ekinli meýdanlarynda hyjuwly zähmetiň joşmagyny alamatlandyrýar.

Däp bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýylynda hem gallanyň bol hasyly ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň her welaýatyna toý sapary bilen baryp galla oragyna başlamaga ak pata berilmegi zähmetkeş babadaýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, galla orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan dänäni meýdanlardan kabul ediş bölümlerine, elewatorlara, ammarlara daşamak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Ýeri gelen-de aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de döwrebap ýük ulaglarynyň häzirki döwürde ýetişdirilen galla hasylyny kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak işine mynasyp goşant goşýandyklarydyr. Ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň alynmagy azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň netijesinde Türkmenistan azyklyk gallany eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy. Bu ajaýyp üstünlik döwletimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmek baradaky tagallalary, edermen daýhanlarymyz hakyndaky irginsiz aladalarynyň netijesinde gazanyldy. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de azyk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da­ky iş­le­ri döw­re­bap usul­da gu­ra­mak we pu­da­ga hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek iş­le­ri mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bol­sa top­rak­dan alyn­ýan ha­sy­lyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, oba ho­ja­lyk ekin­le­riniň gör­nüş­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny, şeý­le­lik­de, ba­zar­lar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.

Kä­ren­de­çi daý­han eke­ran­çy­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, döw­le­ti­mi­ziň bug­daý­dan we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den öz yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ren bug­daý ha­sy­ly­ny or­ma­ga ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.

Malim bolşy ýaly, golaýda Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ýurdumyzda bir­kem­siz ha­syl top­lan bug­da­ýy orup, gal­la ora­gy­na ba­dal­ga ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän we hä­zir­ki za­ma­nyň te­le­ma­tik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar hem be­re­ket­li ha­sy­lyň ora­gy­na gi­riş­di­ler. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­niň hem-de hyz­mat ed­ýän pu­dak­la­ryň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, bug­daý ora­gyn­da ula­nyl­ýan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy­na döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler hem pu­da­gyň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şol bir wag­tyň özün­de oba zäh­met­keş­le­ri­niň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ze­rur üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, daý­han­lar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry bi­len do­ly üp­jün edil­ýär we tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň özi daý­han­la­ryň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bi­len, ola­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar.

Galla – durmuş. Hasyl – ýeňiş. Durmuş – bagtyýar. Galla halkyň baýlygy, Watanyň ykdysady kuwwaty. Galla öndürip bilýän ýurt umumyadamzat taryhyna gaýtalanmajak gymmatlyklary goşup bilýän döwletdir. Biziň ýurdumyz hem şeýle bagta eýe bolan döwletdir.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.