HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY
06-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Şu babatda aýdanymyzda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen baglylykdaky ähmiýetliligi dogrusynda söz açyp, “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda parahatçylyk we agzybirlik ýaly häsiýetleriň milli aýratynlyklarymyza hemişe mahsusdygyny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar. Ata‑babalarymyzyň döreden bu ýörelgelerini biz häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarys”. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydadyr.
Ata Watanymyz başymyzyň täjidir. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine ähli ildeşlerimiz buýsanýar. Giň gerimli ösüşler bolsa hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyz üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri barada ýaş nesle yzygiderli maglumatlaryň berilmegi olarda watansöýüjiligi, milli buýsanjy ösdürýär. Biz ähli okuw-terbiýeçilik işlerimizde Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň gadyr-gymmatyna we ýurdumyzyň asylly başlangyçlaryna uly ähmiýet berýäris. Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli ýörelgeler halkymyzyň beýik ösüşleriniň gözbaşynda durýar. Ykdysady taýdan ösen döwletler Türkmenistan bilen dostana, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Dünýäde parahatçylygy hem-de halkara howpsuzlygyny berkitmek ynsanperwer daşary syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde dabaralanýar. Munuň özi diňe bir sebit däl, eýsem, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak adamzadyň ähli babatdaky iň bir beýik, tämiz duýgularydyr. Munuň özi ynanyşmak häsiýetine eýe bolan örän asylly ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, özara ynanyşmak arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ýokary derejelere çykarmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine dünýä bileleşigi diýseň ýokary baha berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny görkezýär. Asudalygy, parahatçylygy, özara ynanyşmagy hem-de deňhukukly gatnaşyklary öňe sürýän beýik başlangyçlar türkmen halkynyň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy. Bularyň ählisi halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi.
Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini kämilleşdirip, ösdürip gelipdir. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelge täze taryhy döwrümiziň iň kämil ýoludyr, dünýä uzaýan beýik başlangyjydyr. Bu asylly ýörelgä guwanýan, buýsanýan türkmen halky her ýyl Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň şanly baýramçylyklaryny dabaraly ýagdaýda şowhun-şagalaňly belleýär. Şu ýyl hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlarys. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun! Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyz gülläp össün! Belent rowaçlyklara beslenjek 2025-nji ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun!
Ogulnur SUPANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň 2-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.