YNSAN ÝAŞAÝŞYNA YLYM DERWAÝYS

16-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Täze eýýamda ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmäge-de uly mümkinçilikler döredýär. Ösen dilleri bilmek, dünýä ylmyny öwrenmäge giň ýol açýar, dünýägaraýşymyzy has giňeldýär. Çünki, tehnikanyň, tehnologiýalaryň, dürli tilsimatlaryň ösen eýýamynda dünýäni açmak, ony özleşdirmek ilkinji nobatda, bilime, onda-da çeper, kämil bilime degişlidir.

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Muny Magtymguly Pyragy özüniň şygyr setirlerinde “Alymlara uýsaň açylar gözüň, jahyllara uýsaň kör dek bolar sen” diýip tekrarlasa, Döwletmämmet Azady “Älem-jahana Günüň, ýeriň, suwuň, oduň zerurlygy ýaly, adamzat durmuşynda-da ylym gerekdir. Gijä aýyň zynat berişi ýaly, adamzat dünýäsini-de ylym bezeýär. Göwrä ýüregiň möhümligi ýaly, ynsan ýaşaýşyna-da ylym derwaýysdyr” diýip, geljekki nesillere ylym öwrenmegi sargyt edýär. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesi we aýdyň tagallalary esasynda türkmen milli ylmy bu günki gün gaýtadan galkyndy.

Ýurdumyzda soňky ýyllaryň içinde bilim hem-de ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek hakyndaky degişli Permandyr Kararlar kabul edildi. Şol resminamalaryň esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döwlet tarapyndan maliýeleşdirildi, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerde okuw möhletleri halkara derejelerine laýyk getirildi. Ýakynda bolsa, Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda ylmy we tehnikany ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, geçilýän dersleri döwrebap usullar bilen integrirlemegiň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp okuw binalarynda döwrebap kompýuterlerden, lingafon otaglaryndan, häzirki zaman internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga  döredilen şertler başymyzy göge ýetirýär. Biz bilim işgärleri özümiz hakdaky ýadawsyz aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Seýdi ÖWEZGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.