DIL ÖWRENMEGIŇ INNOWASION USULLARY
26-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Daşary ýurt dillerine ýaşlaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr.
Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, ýaşlaryň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler.
Bilşimiz ýaly, innowasiýa tehnologiýalary daşary ýurt dilini we edebiýatyny öwretmegiň esasy maksatlaryny, bilim we aň-bilim işjeňligi, ösdürijilik we döredijilik derejesini durmuşa geçirmek mümkinçiligini berýär. Talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin geljegi uly metodiki usullaryň ulanylmagy işiň netijesine oňyn täsir edýär. Bu usullar iňlis dili derslerinde hem işjeň peýdalanylýar. Lingafon otaglarynda audio ýazgylary diňlemek söz baýlyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär. Audio ýazgylaryny diňletmek usullaryny utgaşykly, sazlaşykly alyp barmak maksadalaýyk hasap edilýär. Şeýle hem bu usul olaryň akyl işjeňligini, okamak bilen tanyşmak, bilesigelijiligini ösdürmek, gözýetimini giňeltmek, başarnyklaryny artdyrmak arkaly döredijilik ukyplary ösdürilýär.
Topar bilen işlemek ýörelgesi sapaklarda we daşarda özara gatnaşyklara, ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, mugallym bilen talyplaryň arasynda ynamy artdyrmaga, birek-birege hormat goýmagy borçlandyrmaga we okuwçylary çärelere işjeň çekmäge ýardam edýär. Adaty we innowasion okatmagyň usullary yzygiderli baglanyşykda bolmaly. Okuwda innowasion çemeleşme diöleýjiniň sapaga bolan höwesiniň artmagyna mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman talaplarynyň biri hem tekst bilen işlemekdir. Şunuň bilen baglylykda, sapakda häzirki zaman usullary ulanmak özüniň oňat netijelerini berýär. Bu usulda esasy wezipe tekstlere esaslanýan dil materiallaryny öwrenmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle sapaga taýýarlanylanda teksti saýlamaga aýratyn üns berilmelidir. Tekst çeper bolmaly, ukyp aýratynlyklaryny hem-de öwrenilen materialyň göwrümini göz öňünde tutmalydyr. Soňra deňeşdirme we deňeşdirme derňewi geçirmek üçin umumy tema bilen birleşdirilen dürli awtorlaryň tekstlerini, dürli söz görnüşleriniň tekstlerini derňew üçin ulanmak ýerlikli bolýar. Şeýle sapakda mugallym edebi tekstiň dilini öwretmek bilen birlikde, şahyrana eseri hem ýeňil özleşdirilýär. Esasy zat, sapagyň özüne çekiji bolmagy talyplaryň öwrenmek isleginiň artmagyna täsir edýär. Şonuň üçin hem okatmagyň häzirki zaman tejribeleriniň öwrenilmegi okuw işinde ýerlikli ulanylmagy döwrüň talaby bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ylym-bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim edaralary gurlup, ulanmaga berildi, birnäçeleriniň durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy. Biz - bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ähli ulgamlary ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Jemal JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.